Sepleriň elýeterliligi

Kosowonyň täze parlamenti saýlanaly bäri birinji gezek çagyryldy


Kosowonyň parlamenti

Kosowonyň täze parlamenti möhletinden ir geçirilen saýlawlardan iki aý geçensoň birinji gezek çagyryldy.

Kanun çykaryjylar 3-nji awgustda parlamentiň täze spikerini we onuň orunbasarlaryny saýlarlar we prezident Haşim Taçiniň hökümeti düzmäge ygtyýar bermegine ýol açarlar.

Taçi “Kosowonyň geljeginiň alýansy” (AAK) atly toparyň lideri Ramuş Haradinaja täze hökümeti düzmäge ygtyýar berjegini aýtdy.

Kosowonyň demokratik partiýasynyň ýolbaşçylygyndaky we AKK toparyny öz içine alýan koalisiýa 11-nji iýunda geçirilen saýlawlarda sesleriň 35% toplapdy.

Ýewropa Bileleşiginiň resmileri we beýleki günbatarly guramalar anyk netijesiz tamamlanan saýlawlaryň ýurdy 2014-nji ýylyň ses berişliginiň döreden konstitusion krizisine salmagyndan aladalanma bildiripdi, şonda ýurduň hökümetini düzmek işi 9 aýa çekipdi.

XS
SM
MD
LG