Aşgabatda Aziýa oýunlaryna 45 gün galanda “Akkreditasiýa etmek we uniformany bermek boýunça merkez” öz işine başlady.
Türkmenistanyň TDH döwlet habar agentliginiň maglumatyna görä, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk boýunça ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan açylan merkeziň öňünde sport çäresiniň guramaçylary we gatnaşyjylary, milli we daşary ýurtly sportsmenler, Milli olimpiýa komitetleriniň resmileri, sport sudýalary, meýletinçiler, şeýle-de Aziýanyň olimpiýa geňeşiniň wekilleri hem halkara habar beriş serişdeleri üçin akreditasiýa dokumentlerini taýýarlamak we çap etmek wezipesi goýulýar.
Şeýle-de resmi maglumata görä, merkez Aziýa oýunlarynyň gatnaşyjylaryna we hyzmat edýän işgerlerine, Türkmenistanyň dokma senagatynyň kärhanalarynyň gatnaşmagynda döredilen ýörite geýimleri- uniformany bermek boýunça işleri ýerine ýetirýär.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ( Aziada-2017) 17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçiriler. Bu halkara sport çäresiniň resmi partnýorlarynyň arasynda ýurduň döwlet awiakompaniýasy “Türkmenhowaýollary” we Malaýzianyň “Petronas” nebit-gaz kompaniýasy, şeýle-de Dragon oil kompaniýasy görkezilýär.
“LG International Corp.” we “Coca-Cola” Aziýada-2017 ýaryşynyň resmi sponsorlary bolarlar.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!