Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Polisiýa köçeleri dilegçilerden 'arassalaýar'


Aşgabadyň köçeleriniň birinde dilegçilik edýän adam

Şu günler Aşgabadyň köçelerinde kämillik ýaşyna ýetmedik dilegçileriň artandygy we polisiýa tarapyndan olara garşy görülýän çäreleriň güýçlenendigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, gürrüňi edilýän dilegçileriň aglabasynyň maýyplar üçin niýetlenen tigirçekli arabalaryň üstünde oturan, mümkinçiligi çäkli çagalardygy aýdylýar.

Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň käbir polisiýa işgärlerine salgylanyp aýtmagyna görä, bu çagalar şäheriň polisiýa gullugynyň işgärleri tarapyndan ele salnanda, birinji-ikinji gezeklerde olaryň özlerine, soňky gezeklerde hossarlaryna duýduryş berilýär.

“Eger şol ýagdaý iki-üç gezek gaýtalansa, onda Polisiýa departamentinde maýyplyk arabasynda oturyp dilegçilik edýänleriň öý adresini alyp, şolaryň özünem gelen awtoulaglaryna ýükläp, öýlerine baryp olaryň dogan-garyndaşlary bilen iş geçirýändiklerini aýdýarlar. Eger dogan-garyndaşlary dawa-jenjel etse, onda olaryň ata-enesini ýa-da golaý hossarlaryny Polisiýa departamentine çagyryp, bu işiň ýörite protokollaşdyrylýandygyny aýdýarlar” diýip, Bugaýew Aşgabadyň käbir polisiýa işgärlerine salgylanyp gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, Aşgabadyň Polisiýa departamentiniň Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça inspeksiýasy diýen bölüminde işleýän bu işgärler kämillik ýaşyna ýetmedik maýyp çagalaryň dilegçilik edýändigi barada protokol düzende, olaryň ene-atalaryna çagalary köçä dilegçilik etmäge ugratmaklygyň jenaýat işidigi hakynda duýduryş berýärler.

“Eger bu ýagdaý gelejekde gaýtalansa, onda olaryň işleriniň hukuk organlaryna geçiriljekdigi we öz çagasyny ýa-da dogan-garyndaşyny dilegçilik etmäge mejbur edýän adamlar hökmünde olaryň garşysyna jenaýat işiniň gozgaljakdygy duýdurylýar” diýip, adynyň agzalmazlygyny soran polisiýa işgäri aýdýar.

Bugaýew Aşgabadyň köçelerinde, ýangyç guýulýan stansiýalarda maýyp arabasynda dilegçilik edýän çagalaryň polisiýa işgärleri tarapyndan saklanylmagy we olaryň köçeden “ýygnalmagy” ýaly ýagdaýlara her gün diýen ýaly duş gelse bolýandygyny belleýär.

Emma köçede dilegçilik edýänleriň köpelmegi ýa-da olara garşy görülýän çäreleriň edil häzirki pursatda gaýtadan güýçlendirilmegi barada türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri tarapyndan ilat köpçüligine häzire çenli maglumat berilmeýär.

Aşgabadyň Polisiýa departamentiniň Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça inspeksiýasy bölüminiň käbir işgärleri munuň ençeme sebäbiniň bardygyny aýdyp, şol sebäpleriň biri maýyp çagalaryň howpsuzlygy bilen baglanyşykly bolsa, beýlekisi Aziýa oýunlarynyň golaýlamagy bilen bagly diýýär.

“Maýyp çagalaryň maýyplyk arabasy bilen köçä çykyp, dilegçilik etmegi, birinjiden, köçe-ýol hereketine gözegçilik etmegi kynlaşdyrýar. Ikinjidenem, tomsuň yssy günlerinde,onsuzam ejiz halda köçä çykyp dilegçilik edýänleri gün urýar, olaryň essinden gidýän halaty bolýar. Mundanam başga, Aziýa oýunlarynyň geçirilmegine sanlyja gün galdy. Maýyplyk arabasyna münenler geçip barýanlaryň gapdalyndan el serseler - bu islendik ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň hem abraýyna däl. Esasy zat ýurda biabraýçylyk getirjek zadyň garşysyna göreşmekden ybarat” diýip, adynyň agzalmazlygyny soran polisiýa işgäri aýtdy.

Şol bir wagtda, kämillik ýaşyna ýetmedik maýyp çagalaryň käbiriniň ene-atasy ýa-da dogan-garyndaşy maýyplaryň çagalaryň köçä dilegçilik etmäge ugradylmagyny tassyklap, munuň mejbury çäredigini we muňa ýurtdaky işsizligiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

“Biziň maşgalamyzda maýyp çagamyzdan başga-da üç çaga bar. Ählimiz-de her aý şol maýyp çagamyzyň kömek puluny alaryna garaşýas. Maşgalamyzyň eklenji şonuň hasabyna bolýar. Biz işläli diýsek, iş ýok. Onsoň adamlaryň rehim-şepagatyna bil baglap, çagamyza ‘köçä bar, adamlar haýyr-sahawat diýip pul berse, alyň’ diýýäris. Ýöne dilegçilik ediň diýemizok’ diýip, bir maýyp çaganyň ejesi aýdýar.

Ýerli synçylaryň ençemesi köçedäki dilegçileri “ýygnamagyň” ýa-da olaryň hossarlaryna garşy çäreleri güýçlendirmegiň, ýagdaýdan çykalga däldigini, munuň deregine, bu meseläniň döwlet tarapyndan jikme-jik öwrenilmelidigini we onuň çözgütleriniň üstünde işlenilmelidigini aýdýar.

Emma Türkmenistanyň pensiýa fondunyň 2015-nji ýylyň aprel aýynda beren maglumatyna laýyklykda, ýurtda 121,810 sany mümkinçiligi çäkli adamlar bolup, olardan: 2513 adam I topar; 24,834 adam II topar, 13,450 sanysy hem III topar maýyplygy bolanlardyr. Şeýle-de, ýurtda 33,994 maýyp çaga bar we olardan 13,196-sy 16 ýaşa çenlilerdir.

XS
SM
MD
LG