“Amnesty International” guramasy Eýranyň 15 ýaşynda tussag edilen häzir 21 ýaşly raýatyň ölüm jezasyny ýerine ýetirendigini aýdýar.
Alireza Tajiki 10-njy awgustda jezalandyryldy diýip, düýbi Londonda ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy gurama habar berdi.
“Halkara kanunlaryndaky borçnamalaryna ters gelýän we jemgyýetçilik hem halkara garşylygyna garamazdan, Eýranyň häkimiýetleri bu jezalandyrmasy bilen ýene-de çagalaryň hukuklaryna äsgermezçiligini görkezdiler” diýip, “Amnesty International” guramasy öz beýannamasynda aýtdy.
Guramanyň maglumatyna görä, Tajiki 2012-nji ýylyň maý aýynda 15 ýaşynda tussag edildi. Eýranyň Fars regionynyň jenaýat sudy ony adam öldürmekde we erkekleriň arasyndaky jynsy gatnaşyga zor bilen mejbur etmekde aýyplap, ölüm jezasyna höküm etdi. Gurama aýyplamalaryň “örän adalatsyzdygyny” we Tajikiniň gynamalara sezewar edilip, günäni boýun almagyna esaslanýandygyny aýdýar.
“Amnesty International” guramasy şu aýa çenli Eýranda 18 ýaşyna ýetmänkä tussag edilen azyndan 89 adamyň jezalandyrylandygyny aýdýar.