Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistan partlamasynda 15 adam öldürildi


Pakistan. 12-nji awgustda Kwettede bolan partlama.

Pakistanyň Ýaragly güýçleri “terrorçylaryň” 12-nji awgustda Kwettede harbylaryň ýük maşynyny bomba nyşanasyna alyp, 8 esgeri we 7 sany asuda adamy öldürendiklerini aýdýar.

Harbylaryň beýanatynda bu bombanyň ölenlerden başga 25 adamy, şol sanda 15 sany asuda adamy ýaralandygy hem habar berilýär.

Bulujystan welaýatynyň içeri işler ministri Sarfraz Bugti partlamanyň hususy hassahananyň golaýynda bolandygyny aýtdy.

Partlamanyň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan bolmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG