Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan syýahat wizasyny almagy kynlaşdyran ýurtlaryň bäşligine girdi


Aşgabadyň halkara aeroporty
Aşgabadyň halkara aeroporty

Türkmenistan syýahatçylyk wizalaryny resmileşdirmek düzgünlerini iň kynlaşdyran ýurtlaryň bäşligine girdi diýip, CA-News habar gullugy Britaniýanyň “Wanderlust travel” žurnalyna salgylanyp habar berdi.

“Syýahatçylyk barada gürrüň edilende, Türkmenistan diýseň şübheli bolmagynda galýar. Häkimiýetler ýurda gelýän daşary ýurtlulary gözden sypdyrmazlyga çalyşýarlar. Şu sebäpden, eger bu ýurda syýahat etmek isleseler, ähli syýahatçylar öňünden gurnalan syýahaty soramaly” diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, habarda Türkmenistana syýahat etmek üçin, syýahat bronlanandan soň, ol ýerden çakylyk almalydygyny, munuň 2-3 hepde wagt alýandygy, şu sebäpden bu ýurda gitmekçi bolýanlaryň ol ýerde boljak wagtlaryndan bir ýarym aý öňünden herekete geçmelidigi duýdurylýar.

Gepiň gerdişine görä bellesek, syýahatçylaryň we syýasaty öwrenijileriň ençemesiniň aýtmagyna görä, Türkmenistan daşary ýurtlular üçin iň bir ýapyk ýurtlaryň biri bolmagynda galýar. Käbir syýahatçylar Türkmenistany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda wiza almasy iň kyn ýurt diýip atlandyrýarlar.

Golaýda Aşgabat öňde duran Aziýa oýunlaryna salgylanyp, ýurda gelmek we ondan çykmak düzgünleriniň has güýçlendirilýändigini, şeýle-de serhetiň ýapyljagy we wiza düzgünleriniň çäklendiriljegini habar berdi.

15-nji awgustda geçirilen Milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda Berdimuhamedowyň gol çeken buýrugyna görä, Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň howpsuzlygyny doly üpjün etmek boýunça bu düzgün 17-nji awgustdan güýje girer we 27 sentýabra çenli dowam etdiriler.

Galyberse-de, bu döwürde diňe daşary ýurtlularyň Türkmenistana gelmek düzgünleri çäklendirilmän, eýsem türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlara gitmek düzgünleriniň-de çylşyrymlaşandygy aýdylýar.

“Hronika Türkmenistan” neşiri 19-njy awgustda “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde ýörite bildirişiň peýda bolandygyny, onda dürli sebäplere görä “daşary ýurda gitmegi planlaşdyrýan türkmenistanlylaryň ýörite telefon liniýasyna jaň etmelidigi we howply ýagdaýlaryň öňüni almak üçin maslahat almalydyklary” habar berilýär.

Mundan öň, has takygy şu ýylyň iýun aýynyň başynda, Türkmenistan Aziýa oýunlaryna tomaşa etmek üçin gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň ýurduň territoriýasynda ýolbeletsiz, ýagny gidsiz hereket etmegine hem gadagançylyk girizdi.

Türkmenistanda bolup gelen daşary ýurtlularyň aglabasy ýurda baran pursatlary ýanlaryna ýörite syýahatçylyk ýolbelediniň berkidilýändigini, olaryň dowamly ýanlarynda bolýandygyny; şeýle-de ýurtda ‘surata düşürip ýa-da düşürip bolmaýan zatlaryň’ bardygyny gürrüň berdiler.

Mundanam başga, şu ýylyň aprel aýynda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmen ýolbeledi daşary ýurtlardan Türkmenistana gelýän syýahatçylar barada özleriniň howpsuzlyk gullugyna günde azyndan üç gezek maglumat bermeli bolýandyklaryny aýdypdy.

Türkmenistanyň soňky döwürde millionlarça dollar maýa ýatyran pudaklarynyň biri bolan syýahatçylyk boýunça, 2016-njy ýylyň ilkinji 9 aýynda 83 müňden gowrak syýahatça hyzmat edilip, 33 million manatdan gowrak girdeji alnandygy resmi metbugatda habar berildi. Emma olaryň ýerlimi ýa-da daşary ýurtly syýahatçylardygy aýdyňlaşdyrylmady.

Şol bir wagtda, ÝHHG-nyň Bişkekdäki barlaglar we tälimler akademiýasynyň utgaşdyryjysy, syýasaty öwreniji Swetlana Dzardanowanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň reformalaryna synynda, “2015-nji ýylda Türkmenistana diňe 913 adamyň syýahatçy wizasyny alyp bilendigi, ýogsa ýapyklygy üçin bu ýurda bolan gyzyklanmanyň peselmän, barha ýokarlanýandygy” habar berlipdi.

Sapara barmak üçin wiza almagyň iň kyn ýurtlarynyň bäşligine Türkmenistanyň goňşusy Eýran, Pakistan, Hytaý we ABŞ hem girizilipdir.

XS
SM
MD
LG