Rus daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň Waşingtonyň Russiýanyň ABŞ-daky üç diplomatik missiýasyny ýapmak baradaky talabyny öwrenýändigini we mundan soň degişli jogap berjekdigini aýtdy.
“Bize jikme-jik nota düýn agşam gowuşdy. Biz ony öwrenýäris. Seljermelerden soň degişli jogap beriler” diýip, Lawrow 1-nji sentýabrda çykyş etdi.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2-nji sentýabra çenli möhlet berip, Russiýanyň San Fransiskodaky konsulhanasyny, şeýle-de Waşingtondaky we Nýu-Ýorkdaky başga-da iki diplomatik missiýasyny ýapmagy tabşyrdy.
Bu Moskwanyň 28-nji iýulda ABŞ-nyň Russiýadaky diplomatlarynyň sanyny 1-nji sentýabra çenli 755 adam azaldyp, 455-e çenli ýetirmek talabynyň yz ýanyna gabat geldi. Rus resmileri bu kararyň ABŞ-nyň Moskwa garşy sanksiýalary güýçlendirmegine jogap hökmünde kabul edilendigini aýtdy. Waşington Kremliň ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna goşulandygy baradaky aýyplamalaryň esasynda, Russiýa goşmaça gadagançylyklary girizipdi.
Lawrow ABŞ-ny ar alyjy diplomatiki ädimleri etmekde aýyplady. Emma, gönümel prezident Donald Trampy ýa-da onuň administrasiýasyny aýyplamakdan saklandy.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!