Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow Trampy tankytlamakdan saklanyp, ABŞ-nyň talabyny seljerýändiklerini aýtdy


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Rus daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň, Waşingtonyň ABŞ-daky üç rus diplomatik missiýasyny ýapmak baradaky talabyny öwrenýändigini we mundan soň degişli jogap berjekdigini aýtdy.

“Bize jikme-jik nota düýn agşam gowuşdy. Biz ony öwrenýäris. Seljermelerden soň degişli jogap berler” diýip, Lawrow 1-nji sentýabrda çykyş etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2-nji sentýabra çenli möhlet berip, Russiýanyň San Fransiskodaky konsulhanasyny, şeýle-de Waşingtondaky we Nýu-Ýorkdaky iki diplomatik missiýasyny ýapmagy tabşyrdy. Lawrow Döwlet departamentiniň yglan eden täzeliginden 24 sagat geçmänkä çykyş etdi.

Bu Moskwanyň 28-nji iýulda ABŞ-nyň Russiýadaky diplomatlarynyň sanyny 1-nji sentýabra çenli 755 adam azaldyp, 455-e düşürmek talabynyň yz ýanyna gabat geldi.

Rus resmileri bu kararyň ABŞ-nyň Moskwa garşy sanksiýalary güýçlendirmegine jogap hökmünde kabul edilendigini aýtdy. Waşington Kremliň ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna goşulandygy baradaky aýyplamalaryň esasynda, Russiýa goşmaça gadagançylyklary girizipdi.

Lawrow ABŞ-ny ar alyjy diplomatiki ädimleri etmekde aýyplady. Emma, gönümel prezident Donald Trampy ýa-da onuň administrasiýasyny aýyplamakdan saklandy. Muňa derek ol ozalky prezident Barak Obamany nyşana aldy we Russiýanyň has oňat gatnaşyk saklamagyň tarapdarydygyny sözleriniň üstüne goşdy.

“Russiýa bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky gatnaşyklara zyýan ýetirmek maksady bilen iki taraplaýyn sanksiýalaryň girizilmegine sebäp bolan tarap biz däl, eýsem Obama administrasiýasydy. Olar Trampyň prezidentliginiň ilkinji günlerinde onuň konstruktiw başlangyçlarynyň öňüni almak üçin, şeýle-de onuň Russiýa bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin beren wadalarynyň durmuşa geçirilmegini mümkingadar kynlaşdyrmak üçin şeýle çäreleri gördüler”, diýip Lawrow aýtdy.

Ol: “Prezident Tramp gatnaşyklara isleg bildirmäge dowam edýär, prezident Putin hem gyzyklanma bildirýändigini birnäçe gezek beýan etdi. Emma bu iki taraplaýyn bolup özara sylaga esaslanmaly. Biz muňa taýýar” diýdi.

Birleşen Ştatlary bilen Russiýa bilkastlaýyn diplomatiki çäreleri görmekde birek-biregi günäkärleýärler. Çärerler ilkibaşda Obamanyň Birleşen Ştalardaky iki diplomatiki toplumlaryndan orslary çykaryp olaryň 35 diplomatyny ýurtdan çykarmagy bilen başlanypdy. Bu çäre Birleşen Ştatlaryň aňtaw resmileriniň Putiniň buýurmagynda amala aşyryldy we Birleşen Ştatlaryň saýlaw sistemasyny ynamdan gaçyryp, Trampyň garşydaşy Hillari Klintony ejizletmek maksady bilen guraldy diýýän kiber hüjümlerlerne we propagandalara gaýtawul hökmünde görlen çäredi.

“[Putin] köp aýtdy: Biz [Birleşen Ştatlary] bilen dawalaşmakçy däl”, diýip Lawrow belledi:

“Biz mydama-da amerikan halkyna dostlukly çemeleşýäris. Indi bolsa biz bähbitlerimiziň ugurlary boýunça manyly hyzmatdaşlyga taýýar” diýip Lawrow aýtdy.

Ol: “Biz akýüreklilik bilen iki ýurduň arasyndaky syýasy atmosferanyň kadalaşmagyny isleýäris” diýensoň Birleşen Ştatlaryny günkärlemek üçin tans metaforyna salgylanyp, şeýle çykyş etdi: “Ýöne siziň hem bilşiňiz ýaly, tango iki bolup oýnalýar. Soňky döwürlerde biziň Birleşen Ştatly kärdeşlerimiz solo ‘brek tansyny’ ýerine ýetirýäne meňzeýär”

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Orsýetiň diplomatiki missiýalaryň göwrüm ölçegleri boýunça deňeçer çäreleri gördük diýýändigine garamazdan orslaryň hetdenaşa çäre görendigine doly ynanýar.

“Russiýanyň deňeçer diýýän çäreleriniň ruhuna laýyklykda, biz rus hökümetinden özleriniň San Fransiskodaky Baş konsulhanasyny, Waşingtondaky edarasyny we Nýu-Ýork şäherindäki konsulhanasyny ýapmaklaryny talap edýäris. Agzalýan binalaryň 2-nji sentýabra çenli ýapylmagyny gazanmak zerur” diýip Döwlet departamentinden habar berildi.

Russiýanyň diplomatiki işgärleriň sanyny 455-e düşürmek boýunça eden talaby “esassyz we iki ýurduň arasyndaky ähli gatnaşyklara öz zyýanyny ýetirýär”, diýip Döwlet departamentinden mälim edildi:

“Biz Orsýetiň ýylyň başynda alan kanagatlanarsyz kararyna jogap hökmünde aýgytly emma maslahatly çäreleri gördük” diýip, Ak tamyň metbugat wekili Sara Hakabi Sanders aýtdy:

“Biz oňat gatnaşyklary gazanmak üçin öňe hereket etmek isleýäris, gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagyny bes etmek isleýäris. Biz muny gazanmak üçin mümkinçilikleriň ugrunda bolarys, ýöne şol bir wagtyň özünde biz alynýan kararlarda deňlik isleýäris”

San Fransiskodaky edarasynyň ýapylmagy bilen Birleşen Ştatlarda Russiýanyň diňe Waşingtondaky ilçihanasy, şeýle-de Seatldaky, Hýustondaky we Nýu-Ýorkdaky üç konsulhanasy galýar.

Öz gezeginde Birleşen Ştatlaryň Moskwada ilçihanasy; Sankt Peterburgda, Ýekaterinburgda we Wladiwostokda konsulhanalary bar.

Döwlet departamantiniň beýanatynda: “Amerikanyň Birleşen Ştatlary Russiýa Federasiýasynyň deňeçerlik arzuwyna esaslanyp hereket etmek bilen, biz iki tarapyňam mundan soňky ar-alyş çäreleriniň öňüni alyp iki ýurduň prezidentleriniň belläp geçen makstlaryny gazanmak üçin, ýagny iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürip, özara isleg bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň depgini güýçlendirmek bilen öňe hereket etmeli. Birleşen Ştatlary kepillendirlen zerur çäreleri görmäge taýýar” diýildi.

Moskwa Birleşen Ştatlaryň diplomatik wekilhanalarynyň işgärleriniň sanyny ymykly azaldanam bolsa, biz Orsýetden özüniň Birleşen Ştatlardaky ilçihanasynyň işgärleriniň sanyny kemeltmegi talap etmeýäris. Birleşen Ştatlary olaryň konsulhanasyny we wekilhanasyny ýapdy emma olaryň ýapylmagy bilen iş ýerleri üýtgän işgerlerini ýurtdan çykarmagy göz öňünde tutmaýar diýip, Birleşen Ştatlaryň Administrasiýasynyň ýokary derejeli resmisi habarçylar bilen telefon arkaly gürrüňdeşlikde aýtdy:

“Biz şu wagt ýeke orsýetlini hem ýurtdan çykaramzok. Biz wekilhanalaryň orseýtli işgärleri isleg bildiren ýagdaýynda olaryň ýurduň içindäki beýleki diplomatiki konsulhanalarda wezipa bellenip bilinjekdiklerini olaryň özlerine habar berdik” diýip resmi aýtdy.

Şeýle-de, Russiýa San Fransiskodaky konsulhanasyny we beýleki ýapylan edaralaryny mundan beýläk diplomatiki maksatly ulanyp bilmeýän-de bolsa, olar agzalýan ýerleri öz emläkleri hökmünde isle satyp isle kireýne berip olardan isleýişleri ýaly peýdalanyp bilerler, diýip resmi nygtady.

Wekilanalaryň ýapylýandygy baradaky habar Orsýetiň täze wezipä bellän Birleşen Ştatlardaky ilçisiniň bu wezipede ilkinji sapar Waşingtona gelen gününe gabat geldi.

“Dulles” Halkara aeroportunda wagty döwlet eýeçiligindäki TASS habar agentligine beren gürrüňinde Anatoli Antonow sabyrlylygy ündäp, Sowet Soýuzynyň esaslandyrjysy Wladimir Leniniň sözlerine gysgaça salgylandy:

“Edil häzir biziň muny asudalyk bilen, örän asudalyk bilen professional hereket edip çözmegimiz gerek. Leniniň aýdyşy ýaly, kakgynly göçgünlilge ýol bermeli däl” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG