Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa wodorod bombasyny 'üstünlikli synag edendigini' aýdýar


Ýaponiýa, öteçgiler Demirgazygyň ýadro synagy barada habar berýän teleekranyň deňinden geçip barýarlar.

Demirgazyk Koreýanyň döwlet eýeçiligindäki mediasy ýurduň kämilleşdirilen wodorod bombasyny üstünlikli synag edendigini we onuň kontinentara ballistik raketa ýüklenip biljegini yglan edip, dartgynlygy galdyranyndan biraz soň ýer sarsgyny bellige alyndy.

Bu aýdylanlaryň hiç biri garaşsyz ýagdaýda tassyklanylyp bilinmedi.

Resmi KCNA habar agentligi synag edilen wodorod bombasynyň ýurduň iň kämilleşdirilen ýadro ýaragydygyny we onuň “örän uly ýykgynçylyk kuwwatynyň” bardygyny aýtdy.

Bu beýanatdan soň ABŞ-nyň Geologiki barlagy 3-nji sentýabr güni irden özüniň Sungjibaegamdan (Demirgazyk Koreýa) 24 km çemesi uzaklykda 6.3 magnitýudly ýer yranmasyny bellige alandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Geologiki barlaglarynyň geofizigi Jana Pursely AFP habar agentligine munuň “ýer yranmasy däl-de, partlamadygyny’ aýtdy.

Günorta Koreýanyň “Yonhap” habar agentligi ýurduň metreologiki agentligine salgylanyp, Punggye-riniň golaýynda bolan ýertitremäniň adam eliniň işi bolup görünýändigini aýtdy.

Hytaýyň Ýertitreme adminstrasiýasy özleriniň Demirgazyk Koreýada “partlamadyr öýdülýän” 6.3 magnitýudly ýer sarsgynyny bellige alandyklaryny aýtdy.

Olar bu sarsgynyň sagat 11.30-da (Grinwiç boýunça 03:30-da) we “nolunjy kilometrde’ bolandygyny aýtdylar. Şeýle-de olar sekiz minut soňra 4.6 magnitýudly ikinji sarsgynyň hem hasaba alnandygyny habar berdiler.

Rus seismologlary hem şol töwerekde 6.4 magnitýudly “seýsmiki wakanyň” bolandygyny bellige aldylar diýip, Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugy habar berdi.

Mümkin bolan ýadro synagynyň alamatlaryndan öň Ak tam we ýapon resmileri prezident Donald Tramp bilen Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abeniň Demirgazyk Koreýa ýagdaýynyň “ýitileşmegi” babatda telefonda gürleşendiklerini aýtdylar.

Liderleriň iki ýurduň we Günorta Koreýanyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk edilmelidigi we Phenýana basyşyň güýçlendirilmegi barada ylalaşyga gelnendigi habar berildi.

Phenaýn bilen dünýä döwletleriniň, hususan-da ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň we günorta Koreýanyň arasyndaky dartgynlyklar eýýäm soňky ýyllardaky iň ýokary derejesine baryp ýetipdi.

Tramp we Kim uruş aňlatmalaryna bir-birine haýbat atdy we bu ýagdaý Phenýan iýulda iki sany kontinentara ballistik raketany synag edeninden soň has ýygjamlaşdy.Bu raketalar 10 müň km aralyga ýetýär we ABŞ-nyň köp bölegini urmak mümkinçiligine eýe.

Demirgazyk Koreýanyň 9-njy sentýabrda, ýurduň esaslandyrylmagynyň ýyl dönüminde ýene bir ýadro synagyny geçirmek ähtimallygy barada gep-gürrüňler bar.

Şol bir wagtda Demirgazygyň wodorod bombasyny synag edendigi baradaky habarlary garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklap bolmaýar, Günbatar resmileri bu aýdylýanlara göni bir zat diýmediler.

ABŞ we Günorta Koreýa 1-nji sentýabrda özleriniň Seulyň goranmak kuwwatyny güýçlendirmek babatda ylalaşandyklaryny, Waşingtonyň Günorta Koreýa, Demirgazyga garşy durmak üçin, millardlarça dollara durýan ýarag satmagy tassyklandygyny aýtdylar.

Rus prezidenti Wladimir Putin 1-nji sentýabrda çap edilen makalada Demirgazyk Koreýanyň ýadro we raketa programmalary üstündäki gapma-garşylyk “uly göwrümli konfliktiň erňeginde” diýdi.

Putin ABŞ-nyň mümkin bolan harby çäre baradaky duýduryşlaryny gytaklaýyn tankytlap, Phenýana basyşy artdyrmak problemany çözmez diýdi. Şeýle-de ol bu krizisiň diňe “dahylly taraplaryň ählisiniň arasynda göni, şertsiz dialog arkaly” çözülip bilinjekdigini sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG