Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň prokurorlary tankytçy žurnalist üçin şertli tussaglygy soraýarlar


Žanbolat Mamai, Almaty, 21-nji awgust, 2017.
Žanbolat Mamai, Almaty, 21-nji awgust, 2017.

Gazagystanyň prokurorlary hökümeti tankyt etmegi bilen tanalýan ady belli žurnalistiň dört ýyllap “azatlygynyň çäklendirilmegini” ýagny şertli çäklendirmeli şertli tussaglygy soraýarlar.

4-nji sentýabrda Almatynyň sudunda geçirilen diňlenişikde prokurorlar Žanbolat Mamainiň emlägini elinden almagy we onuň žurnalistika işinden çetleşdirilmegini soradylar.

“Saýasi Kalam-Tribuna” atly gazetiň ýerine ýetiriji redaktory Mamai 14-nji awgustda suda çekilipdi.

Derňewçiler onuň gazagystanly gaçgak oligarh Muhtar Ablýazowyň “ogurlan” pullaryny ýuwmak işine gatnaşandygyny aýdýarlar.

Mamai Ablýazow bilen gatnaşygy ret edýär we özüne garşy gozgalan işi syýasy matlaply atlandyrýar.

Gazagystanyň BTA bankynyň öňki başlygy Ablýazow häzirki wagtda ýurduň daşynda ýaşaýar we Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň esasy garşydaşy hasaplanýar.

Ablýazow 5 milliard amerikan dollaryny ogurlamakda şübhe bildirip, Gazagystan, Orsýet we Ukraina tarapyndan gözlenýär.

Ablýazow ähli aýyplamalary ret edýär we olary syýasy matlaply atlandyrýar.

XS
SM
MD
LG