Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Aziada geçýänçä Gazagystan bilen araçägini ýapdy


Türkmen-gazak serhedi.

Türkmenistan Aşgabatda geçirilýän Aziýa oýunlary bilen baglylykda ýurduň serhetlerindäki howpsuzlyk çärelerini güýçlendirip, 5-nji sentýabrdan 27-nji sentýabrda çenli Gazagystan bilen serhedini ýapdy.

“Kazimform” halkara habar agentliginiň maglumatyna görä, Aşgabatda 17-nji-27-nji sentýabr aralygynda geçirilýän Aziýa oýunlary tamamlanýança, daşary ýurtly raýatlaryň Gazagystandan Türkmenistanyň territoriýasyna ýeňillikli, ýagny wizasyz geçmek mümkinçiligi wagtlaýyn togtadylýar.

“Serhet şu ýylyň 27-nji sentýabryna çenli ýapyk” diýip, Mangiustau oblastynyň döwlet girdejileri departamentiniň baş hünärmeni Maksat Akmyradow habar gullugyna aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky ylalaşyk esasynda, Mangiustau oblastynda hemişelik ýaşaýan gazagystanlylar Türkmenistanyň Balkan welaýatyna wizasyz baryp, ol ýerde bäş güne çenli bolup bilýärler.

Gazak-türkmen araçäginde “Temir baba” awtomobil geçelgesi bar we bu ýerde adybir gümrük posty, şeýle-de “Bolaşak” demirýol gümrük posty ýerleşýär.

Tejribeden mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Gazagystan we Özbegistan bilen arada, iki ýurduň serhetýaka ilaty üçin girizilen ýeňillikli syýahat mümkinçiliklerini wagtal-wagtal wagtlaýyn ýatyryp durýar we kähalatda bu çäre barada öňünden habar berilmeýär.

Emma bu gezekki serhet ýapylmasy öňünden belli edildi, ýagny prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynyň ortasynda döwlet howpsyzlyk geňeşiniň nobatdan daşary mejlisini geçirip, 17-nji awgustdan 27-nji sentýabra çenli aralykda Türkmenistanyň çäklerinde harby hem hukuk goraýjy edaralaryň işiniň güýçlendirilen düzgünine geçilýändigini yglan etdi.

Berdimuhamedow bu çäräni Aziýa oýunlarynyň geçýän döwründe howpsuzlygy üpjün etmek zerurlygy bilen düşündirdi.

Döwlet baştutanynyň gol çeken kararyna laýyklykda, bu döwür içinde ýurduň ähli harby hem hukuk goraýjy edaralary gije-gündiz iş düzgünine geçilýär, serhetler ýapylýar, wiza düzgünleri çäklendigilýär, gümrük gözegçiligi güýçlendirilýär.

Şeýle-de Berdimuhamedow, Aziýa oýunlarynyň geçýän döwründe howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, başga-da bir topar çäräniň görüljekdigini aýtdy.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, gürrüňi edilýän döwürde Aşgabatda göz öňünde tutulan ähli halkara sergileri we beýleki çäreler has giçki möhletlere geçiriler.

Türkmenistan 17-27-nji sentýabr aralygyna planlaşdyrylan Aziýa oýunlary mahalynda müňlerçe daşary ýurtly sportsmeniň we beýleki myhmanlaryň gelmegine garaşýar.

Bu Aşgabadyň birbada şeýle giň gerimli sport çäresine we uly möçberde myhman garşylamaga ilkinji gezek taýýarlanyşy bolup durýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG