Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Siriýada täjik polisiýasynyň öňki komandirini öldürildi


Täjigistanyň içeri işler ministrliginiň düzümindäki ozalky komandir Gulmurod Halimow.
Täjigistanyň içeri işler ministrliginiň düzümindäki ozalky komandir Gulmurod Halimow.

Orsýetiň Goranmak ministrligi Siriýanyň gündogarynda ýerleşýän Deir el-Zour şäheriniň eteginde ekstremist topara gönükdirlen howa zarbalarynyň netijesinde, “Yslam döwletiniň” (YD) dört ýolbaşçysynyň öldürilendigini, olaryň arasynda Täjigistanyň ozalky ýokary derejeli howpsuzyk resmisiniň hem bardygyny habar berdi.

Ministrligiň 8-nji sentýabrda ýaýradan beýanatynda, howa hüjümleriniň netijesinde 40 jeňçiniň, şol sanda “Yslam döwleti” toparynyň daşary ýurtly söweşijilerinden jogapkär Muhammad Al-Şimaliniň we Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň düzümindäki ozalky komandiriň öldürilendigi aýdylýar.

Beýanatda zarbalaryň Deir el-Zouryň etegindäki ýerasty gaçybatalgada ýygnanan YD toparynyň ýolbaşçylaryna gönükdirilendigi aýdylýar.

Tassyklanan maglumatlara görä, öldürilen söweşijileriň arasynda dört sany güýçli meýdan komandirleri hem bar diýip, ministrlik aýdýar.

YD-yň “söweş ministri” diýlip giňden tanalan Halimow Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň düzümindäki “OMON” polisiýa gullugynyň ozalky başlygydy. Ol bu wezipede wagty Birleşen Ştatlarda tälim-türgenleşik geçipdi.

Ol 2015-nji ýylyň maý aýynda özüniň YD-yň hataryna goşulandygyny internet arkaly habar beripdi.

Täjigistan ony tussag astyna almak üçin halkara order, ýagny buýruk haty çykardy, Birleşen Ştatlary bolsa onuň ýerini anyklaýan maglumat üçin 3 million dollar teklip etdi.

Orsýetiň Goranmak ministrligi Halimowyň YD-yň meýdan komandirleriniň hüjüm edilen ýygnagyna gatnaşandygyny we zarbanyň netijesinde onuň agyr ýaralanandygyny, soňra onuň Deir el-Zouryň 20 kilometr günorta-gündogarynda ýerleşýän Al-Muhasan meýdanyna geçirilendigini habar berdi.

2015-nji ýyldan bäri demirgazyk Yrakdan we Siriýadan YD-yň hatarynda söweşýän Halimowyň öldürilendigi barada birnäçe gezek tassyklanmadyk habarlar gelip gowuşýar.

Täjik häkimiýetleri onuň diridigine ynanýandyklaryny aýdyp, maglumatlary gaýta-gaýta ret edip gelýär.

Orsýetiň penasyndaky Siriýanyň hökümet güýçleri bilen Deir al-Zour şäherini gabawda saklamaga synanyşýan YD toparynyň söweşijileriniň arasynda agyr söweşler dowam edýär.

Siriýanyň döwlet mediasy Deir el-Zouryň YD tarapyndan üç ýyla çeken gabawyny hökümet güýçleriniň bozandygyny habar berensoň , şu hepde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin özüniň siriýaly kärdeşi Başar al-Assady gutlady.

2015-njy ýylyň sentýabr aýynda Orsýetiň Siriýada howa hüjümlerine girişmeginden birnäçe aý geçensoň, günbatarly resmiler rus howa zarbalarynyň esasan YD toparynyň söweşijilerine däl-de, prezident Başar al-Assadyň beýleki garşydaşlaryna gönükdirilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG