Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän V Aziýa oýunlarynyň ilkinji ýaryşlar gününde - 16-njy sentýabrda türkmenistanlylar jiu-jitsu, milli göreş tutluşyklarynda bir topar ýeňiş gazandylar, aýallaryň arasynda futzal boýunça ýaryş başlandy diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.
Ilkinji ýaryşlaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy umumy medal sany boýunça öňe saýlanýar diýip, habarda aýdylýar.
Ilkinji iki “altyny” türkmen komandasyna “duo klassik” ugundan jiu-jitsu ýaryşlarynda gazanylan ýeňiş getirdi. Erkekleriň arasyndaky ýaryşlarda ilkinji orny Jelilmuhammet Hojamyradow, Myrat Gimmiýew, garyşyk ýaryşda Jahan Durdyýewa, Mekan Nurjykow eýeledi.
Patma Hojaýewa, Jahan Durdyýewa “duo şou” we “dou klassik” görnüşlerinde kümüş medal gazandy.
Türkmen göreşi boýunça erkin tutluşykda türkmen pälwanlarynyň altysy bürünç medal gazandy, türkmen göreşi boýunça 18 türkmenistanlynyň finala çykandygy aýdylýar.
Ýaryşlaryň birinji gününde türkmen türgenleri 37 medal - 16 altyn, 14 kümüş, 7 bürünç - gazandy.