Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda dindarlara näme garaşýar?


Gazagystanyň metjidinde baýram namazy

Gazagystanda "Dini işler hakynda" täze kanun teklibi hödürlenipdir. Kanun taslamasy ýurduň Din işleri we raýatlar jemgyýeti ministrliginiň internet sahypasynda çap edilipdir. Häzir diýseň gyzgyn jedelleşilýän ol kanun taslamasynda bu ugurda bar bolan owalky 16 kanuna 60 düzediş girizilmegi göz öňünde tutulýar. Teklibiň güýzde Gazagystanyň mejlisine hödürlenmegine garaşylýar. Eger bu kanuny üýtgeşiklik teklibi kabul ediläýse, onda täze ýyla çenli prezident oňa gol çekip biler.

Kanuny üýtgeşiklikler teklibinde, döwlet guramalaryna we döwlet gullukçylarynyň işleri bilen bir hatarda ýurduň adaty raýatlarynyň gündelik durmuşyna gönümel täsir ýetirjek düzgünler bar.

Üýtgeşiklikler

Şeýle täze kanunyň kabul edilmegi bilen Gazagystanyň ýaşaýjylaryna näme garaşýar?

Dini ugurda kanuny bozýanlara garşy çäreler hasam berkidilýär, ýagny jerimeler hasam ýokarlanýar, bikanun dini işleri alyp barýanlara garşy häzirkidenem has aýgytly çäreler görülmegi göz öňünde tutulýar.

Jemgyýetçilik ýerlerinde adamyň ýüzüni ýapýan, "raýatyň ýüzünden tanalmagyna päsgel berýän" dini geýimleri geýmek gadagan ediler.

Ýöne ýeri gelende bellesek, bu madda görä, ýörite aýratynlyga eýe işiň berjaý edilmegi, saglygy saklaýyş işleri, raýatlaryň howpsuzlygy, sport hem teatr özboluşlylygy bolan işlerde adamyň ýüzi ýapmaly bolam mahaly gadagançylykdan saklanylar.

Şol bir wagtyň özünde, kanun taslamasynda, yslamyň milli däp-dessurlara gabat gelmeýän dini toparlarynyň wekilleriniň gysga jalbar geýmegini we sakgalyny aşa uzatmagyny gadagan edýän hiç hil düzgün ýokdyr. Aslynda, ýurduň prezidenti Nursultan Nazarbaýew şeýle görnüşdäki gadaganyň ýola goýulmagyny mundan owal teklip edipdi.

Kanun taslamasynda, döwlet işgärleriniň iş wagty dini ýerlere gitmeginiň gadagan edilmegi barasynda teklip öňe sürülýär.

Öz çagalaryna sanjym etdirmekden gaça durýan ene-atalar bolsa, täze kanun taslamasyna görä 68 amerikan dollary möçberinde jerime tölemeli bolarlar.

Dini edaranyň işgärleriniň, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň başyny çatmak barasynda ene-atalaryň her birinden aýratynlykda ýazuw üsti bilen razylyk haty bolmazdan, gyýyljak nikasyna berilýän jerimäniň mukdary köpeldilýär. Mundan beýläk ol jerimäniň mukdary takmynan 680 amerikan dollaryna barabar bolar.

Diňe ýurduň içindäki belli okuwlardan dini tälim alanlara daşary ýurtlarda din boýunça ýokary bilim almaga rugsat berler.

Gazagystanda ilkinji gezek ateistleriň hak-hukuklary dindarlaryňky bilen deň derejede tutular, ýagny olaryň haýsam bolsa birine äsgermezçilik edilen mahaly 680 amerikam dollaryndan 2000 amerikan dollaryna çenli jerime salynmagy göz öňünde tutulýar.

Dindarlar närazydyr

Täze kanuny üýtgeşiklik taslamasynda, Ýewropanyň köpsanly ýurdundaky kanun kadalardan hem mysallar getirilýär. Belgiýa, Niderlandiýa, Fransiýa we Bolgariýa ýaly ýurtlarda şeýle gadaganlyklaryň ýola goýlandygy nygtalýar. Hatda Özbegistanda 1998-nji ýylda kabul edilen bir kanuna görä, ýurtda raýatlaryň jemgyýetçilik ýerlerde dini geýimler geýmeginiň gadagandygy ýatladylýar.

Taslamanyň has täsin hasaplanýan bir aýratynlygy bolsa "oňaýsyz ideologiýa täsirleri" termininiň ulanylmagydyr. Kanuny üýtgeşiklik taslamasynda jemgyýetde "destruktiw ideologiýa täsirleri" döredýän "keseki" geýimleriň geýilmegi we ýaýradylmagy gadagan edilýär.

Ýeri gelende belläp geçmeli bolsa, şeýle aýgytlaýjy üýtgeşiklikler Gazagystanda her kimiň ýüregine jüňk bolup baranok. Olardan närazy bolýanlar bolsa esasanam dindarlardyr.

"Mundan düzgün bolmaz. Dindar adam owaly bilen bir ynsandyr we şonuň üçinem öz hak-hukugy bardyr" diýip, Almaaty şäherinde öz pikiri soralan raýatlar aýdýarlar.

"Hemmeler gowy bilýär, ýagny sowet döwründe Gazagystany Dinmuhamed Kunaýew aýaga galdyrdy. Üstesine-de onuň özüniň hem işden daşaryn hut Kremlde namaz okandygy barasynda faktlar bar. Şonuň üçinem meniň pikirime görä, işden daşaryn namaz okamak bolar" diýip, döwlet gullukçylarynyň iş wagtynda dini ybadatlaryny berjaý etmeginiň gadaganlygyna garşy çykýanlar belleýärler.

XS
SM
MD
LG