Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak we özbek prezidentleri özara gatnaşyklaryň gowulanýandygyny aýdýarlar


Mirziýoýew Nazarbaýewi Daşkent aeroportynda garşy aldy.
Mirziýoýew Nazarbaýewi Daşkent aeroportynda garşy aldy.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew 16-njy sentýabrda goňşy Özbegistana iş saparyna geldi.

Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu ýyly Merkezi Aziýanyň esasy iki ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmagyň “taryhy senesi” diýip atlandyrdy.

Geçen ýyl häkimiýet başyna gelen Mirziýoýew Nazarbaýewi Daşkent aeroportynda garşy aldy we soňra iki lider iki ýurduň gatnaşyklaryna bagyşlanan senagat sergisine bardylar, şeýle-de Nazarbaýew merhum awtokrat prezident Yslam Kerimowyň ýadygärligine gül çemenini goýdy.

Kerimowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda Özbegistan öz goňşulary bilen serhet, etniki dartgynlylyk, sebitde suw bölünişigi we energiýa meselelerinde o diýen oňuşmaýardy.

Emma 2016-njy ýylyň sentýabrynda, Kerimow ýogalandan soň regionyň iň köp ilatly ýurdunyň ýolbaşçysy bolan Mirziýoýew we onuň hökümeti ozalky sowet respublikalary, goňşular bilen gatnaşyklary berkitmegi daşary syýasatyň baş meselesi edindi.

XS
SM
MD
LG