Sepleriň elýeterliligi

Aşgabadyň orta mekdepleriniň işgärleri köçeleriň arassaçylygyny berjaý edýärler


Aşgabat (Illýustrasiýa)

Aşgabadyň orta mekdepleriniň işgärleri köçeleriň arassaçylygyny berjaý edýärler. Şu günki gün bu ýagdaýyň, hususan-da, Aşgabadyň Parahat mikroraýonlarynyň 10 golaý mekdebinde, şol sanda 37-nji, 48-nji, 51-nji, 52-nji, 55-nji we 60-njy mekdeplerine degişlidigini Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri habar berýärler.

“Olar ir sagat sekizde işe çykýarlar we öýlän ikä çenli işleýärler, jemi alty sagat. Ählisi mugallymlar we tehniki işgärler. Olar köçeleri süpürýärler we agaçlaryň düýbüni ýumşadýarlar. Ýapraklary ýygnaýarlar, günüň dowamynda iki wagtyna ” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmesi aýdýar.

Agzalan mekdepleriniň biriniň mugallymynyň sözlerine görä, 19-njy sentýabrdan başlap, mekdep işgärleri köçe işlerini günüň dowamynda iki tapgyrlaýyn berjaý ederler.

“Şu gün işgärleriň hemmesini irden çagyrdylar we ertirden başlap iki smenada işe çykmalydygyny aýtdylar. Birinji topar ir sagat sekizden, baryp sagat ikä çenli işlemeli, Ikinji smenada okadýanlaram sagat ikiniň ýaryna baryp, agşam sagat 18 çenli işlemeli edildi, bu gün olary böljekler”, diýip aşgabadyň orta mekdebiniň mugallymy Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý okuw başlanýança 28-nji sentýabra çenli dowam etdiriler.

Häzirki wagtda Aşgabatda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary sebäpli paýtagtyň mekdeplerinde okuwyň arasy kesildi we binobat kanikullary yglan edildi.

Resmi tabşyryga görä, bu dynç alyş döwründe her mekdepden ýüzlerçe çaganyň guramaçylykly dynç alşa ugradylmagy boýunça ýörite çäreleriň geçirilendigini we her çaganyň Aşgabadyň etegindäki dynç alyş merkezlerinde ene-atalarynyň hasabyna dynç almagy üçin 400 manat möçberinde puluň toplanandygyny Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri gürrüň beripdi.

17-nji sentýabrda başlanan “Aşgabat - 2017” atly Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 27-nji sentýabrda tamamlanar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabadyň häkimiýetine ýakyn çeşmesi şu günler halkara sport çäresini geçirýän Türkmenistanyň paýtagtynyň köçelerini arassalamak işine döwlet işgärleriniň köpçülikleýin çekilmeginiň pul ýetmezçiligi bilen baglydygyny belledi.

“Pul bolmansoň, köçeleri adamlara mugt ýuwdurdylar” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar barada Aşgabadyň orta mekdeplerinden we şäheriň administrasiýasyndan resmi taýdan düşündiriş alyp bilmedi.

Şol bir wagtda-da, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin ýörite gurlan bahasy 5 milliard amerikan dollaryna barabar Olimpiýa stadionynyň daşynda we daş-töwereginde köçelere gije-gündiz serenjam berýän kommunal hojalyklaryň işgärleriniň esasan ýaş aýal-gyzlar bolup, olaryň şu günler ýaşyl, gök we sarymtyl reňkli ýörite tikilen geýimlerde işleýändigini Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky söhbetdeşleri aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG