Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Hijaby çykarmaga razy, eger-de..."


Täjigistanda hijaply zenanlar
Täjigistanda hijaply zenanlar

Täjigistanyň döwlet işgärleri paýtagt Duşenbede 8 müň hijaply zenan bilen söhbetdeşlik geçiripdir. Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň täjik bölümine Täjigistanyň hökümetiniň ýanyndaky Zenan meseleleri komitetiniň kömekçi başlygy Marhabo Olimi beripdir. Şeýle gürrüňdeşlikler 3-nji awgustdan 13-nji awgusta çenli ýurduň dürli ýerinde amala aşyrylypdyr.

Zenan meseleleri komiteti, Din işleri baradaky komitet, daşary işler ministrligi hem beýleki döwlet edaralarynyň hataryndaky işgärler gürrüňdeşlikde zenanlara hijap, perenji ýaly käbir eginbaşlaryň täjik däplerine ýatdygyny düşündiripdir.

Ýüzden 90 göterimi aslynda muny boýnuna alypdyr...

Marhabo Oliminiň sözlerine görä, paýtagtdaky reýdler mahalynda zenanlaryň ýüzden 90 göterimi, aslynda musulman eginbaşa oranmaga äriniň ýa-da çagalarynyň mejbur edýändigini boýun alypdyr. Zenanlaryň aglaba köpçüligi adamsy ygtyýar beren halatynda hijaby çykarmaga razydygyny aýdypdyr.

"Biz erkek adamlaryň arasynda hem iş etmeli bolýarys. Hiç kim olara, ýanýoldaşyň ýa-da gyz-gelinleriň eginbaşsyz gezsin diýmeýär. Mysal bermeli bolsa, eşidişimize görä, Russiýada migrantlyk edýän käbir erkek adamlar telefonda öz aýalyna hijap geýmedik halatynda onuň bilen aýrylyşjakdygy aýdyp haýbat atýarlar" diýip, Marhabo Olimi gürrüň berýär.

Hijap we bürenjek Täjigistanda milli däp-dessurlara gabat gelmeýän eginbaş hasap edilipdir. Täjigistanyň hökümetiniň ýanyndaky Zenan we maşgala meseleleri baradaky komitetiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, paýtagtyň "Şanhaýbazar" diýip atlandyrylýan ýerinde geçirilen reýdler mahalynda, dini zenan eginbaşyny satýan ýeriň üsti açylypdyr. Şonda şeýle dini geýimiň täjik eginbaş medeniýetine gabat gelmeýändigi düşündirilipdir.

110 dollar jerime

Golaýda "Şohmansur" atly bazaryň zenan satyjylarynyň žurnalistlere beren maglumatyna görä, reýdler mahalynda döwlet işgärleri olara hiç hili düşündiriş bermändirler. Gaýtam, hijaby ýa-da bürenjegi daňynan halatynda jerime salynjagyny duýdurypdyrlar.

"Jedelleşmek islemeýänler sessiz-üýnsüz olaryň aýdyşy ýaly etdiler. Zenanlar alkymy görner ýaly edip gaýtadan ýalygyny daňdy. Olara garşy çykanlara bolsa ummasyz jerime tölemeli etdiler. Bir hepde mundan owal hijap geýmegiň jerimesine 100 somoni, ýagny 11 dollar diýen bolsalar, bu gezek 1000 somoniden, ýagny 110 dollardan söz açdylar" diýip, bazaryň işgärleriniň biri žurnalistlere gürrüň beripdir.

Ýöne Täjigistanyň Içeri işler ministrligi hijap geýnen zenanlara jerime salynýandygyny inkär edipdir. Ministrligiň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy Umarjoni Emomali polis kärdeşleriniň keseki eginbaşlar, ýagny hijap ýa-da bürenjek we "süpük" geýinenlere hiç hili jerime salmajagyny nygtaýar.

"Hiç hili jeza göz öňünde tutulmaýar. Häzir diňe gürrüňdeşlikler geçirilýär we hökümet diňe zenanlara hijap, bürenjek ýaly dini hem keseki geýimleriň täjik däp-dessurlaryna gabat gelmeýändigini düşündirýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Mundan owal Täjigistanyň döwlet edaralary hökümetiň hijaba garşy tagalla başladandygyny düýpgöter inkär edýärdi.

Täjigistanyň hökümetiniň ýanyndaky Zenan meseleleri baradaky komitetiň bildirmegine görä, hökümet ýurtda täjikleriň milli medeniýetine we dinine gabat gelmeýän keseki, "gelşiksiz" hem ýarym-ýalaňaç eginbaşlara garşy tagalla başladypdyr.

Gara we içgysgynç reňkli geýimler

Täjigistanyň prezidenti Emomoli Rahmon golaýda eden çykyşynda, jemgyýetiň radikallaşmagyndan we täjik ýaşlarynyň keseki eginbaşlara ürç etmeginden ynjalyksyzlanýandygyny bildiripdi.

"Ýaradany öz akylynyň hem aňynyň derejesi ýaly hasaplaýarlar. Oňa eginbaş, hijap, bürenjek, esgi-mata ýa-da sakgal bilen däl-de, eýsem ýürek bilen ybadat etmeli. Ekstremist aýratynlykda dini hereketleriň ýüze çykmagy bilen ýurtda täjikleriň medeniýetine gabat gelmeýän ybadat hem öýkünjeňlik ýörgünliligi hasam möwjeýär. Soňky ýyllarda internet ulgamlarynyň we aýratynlykda dürli toparlaryň täsiri astynda, şäherdir etraplarymyzda, ylaýta-da zenanlaryň arasynda medeniýetimize gelişmeýän eginbaş geýmek ýörgünliligi ýaýbaň alýar. Bu ýagdaý ynjalyksyzlyk döretmän bilmez" diýip, döwlet baştutany aýdypdy.

Prezident Emomoli Rahmon dindarlygy käbir zenanlaryň we gyzlaryň ýüreginde däl-de, diňe eginbaşynda görýändigini belleýär. Onuň aýtmagyna görä, gara we içgysgynç reňkli eginbaş geýmek bilen zenanlar halkyň milli medeni gymmatlyklaryna hormat goýmaýarlar.

Hukuk goraýjylar bolsa, Täjigistanda hijaba garşy alnyp barylýan kampaniýany raýatyň şahsy durmuşyny çäklendirmek we ýurtda esasy kanunyň bozulmagy görnüşinde baha berýär.

XS
SM
MD
LG