Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň, Türkiýäniň howa güýçleri bilelikde harby türgenleşiklere başladylar


Azerbaýjanyň harby türgenleşikleri, 21-nji aprel, 2017.
Azerbaýjanyň harby türgenleşikleri, 21-nji aprel, 2017.

Azerbaýjanyň we Türkiýäniň howa güýçleri Azerbaýjanda iki hepdelik harby türgenleşiklere başladylar.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi “TurAz Qartalı-2017” atly türgenleşikleriň 18-nji sentýabrda başlanandygyny aýtdy.

Habar berlişine görä, gözläp-tapmak we halas etmek, guryýer nyşanlary anyklamak ýaly operasiýalara gönükdirilen türgenleşiklere 30 sany harby uçaryň gatnaşjakdygy aýdyldy. Ministrligiň maglumatyna görä, 30-njy sentýabra tamamlanjak türgenleşikler iki ýurduň arasyndaky ýyllyk harby maşklaryň bir bölegi bolup durýar.

Azerbaýjan we Türkiýe ýakyn gatnaşyk saklaýarlar hem iki ýurduň arasynda ýerleşýän Ermenistana garşy çykyş edýärler.

Şeýle-de Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri 18-nji sentýabrda özbaşdak harby türgenleşiklere başladylar. 18-22-nji sentýabrda geçirilýän bu maşklara 15000 harby, 150 çemesi harby ulag, 120 sany top, raketa enjamy we 20 harby uçar gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG