Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat žurnalisti azatlyga çykarmaga, adam gynamagy bes etmäge çagyrylýar


Sport çäresine barýan adamlar. Aşgabat, 17-nji awgust, 2017.
Sport çäresine barýan adamlar. Aşgabat, 17-nji awgust, 2017.

“Türkmenistanyň diktaturasy Aşgabatda ýekşenbe güni ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça açylan Aziýa oýunlaryna beýemçilik etmek bilen, özüniň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga synanýar, şol bir wagtda-da türkmen režimi ýurtda galan az sanly gönümel žurnalisti ýanaýar we ýurtda garaşsyz metbugata hiç hili orun galdyrmady” diýip, “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň sişenbe güni ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de beýanatda türkmen režimi tarapyndan wagyz edilýän owadan görnüş bilen ony tankyt etmäge het edenleriň başdan geçiren reallyklarynyň arasyndaky tapawudyň örän uludygy bellenilýär.

Resmi taýdan türkmen kanunçylygy söz azatlygyny kepillendirýär we senzurany gadagan edýär, emma hakykatda Türkmenistan ‘habar we maglumat babatynda gara boşluk’ diýip, beýanatda aýdylýar.

Mundan öňki beýanatlarda hem aýdylyşy ýaly, türkmen döwleti ýurtdaky metbugat serişdelerine doly kontrollyk edýär we netijede bu ýurt “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň Bütindünýä Metbugat azatlygy indeksinde 180 ýurduň arasynda 178-nji orny aldy.

Häkimiýetler hatda sport çäreleri barada berilýän habarlary hem berk kontrolda saklaýarlar diýip, “Serhetsiz reportýorlar” guramasy resmi Aşgabadyň halkara habar gulluklarynyň azyndan üçüsini, şol sanda “Agence France-Presse” agentliginiň we ”The Guardian” neşiriniň habarçylarynyAziýa oýunlaryny beýan etmek üçin ýurda goýbermändigini belleýär.

Guramanyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Ýohan Biýr dünýäniň iň bir repressiw ýurtlarynyň biriniň wagyzçylary tarapyndan gurnalan dabara-şowhunyň dünýä tomaşaçylaryny aldawa salyp bilmejegini aýdýar.

“Bu oýunlaryň açylyş dabarasyna harçlanan pullar resmi liniýa boýun egmezlige het edýänleriň yzygiderli gorkuzmalara we gynamalara sezewar edilýändigi babatdaky faktyň üstüni örtmeli däl” diýip, ol aýdýar.

Şeýle-de beýanatda soňky üç ýylda Aşgabadyň garaşsyz žurnalistleri, Azatlyk radiosynyň, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary”, “Türkmenistanyň Hronikasy”, “Gündogar”, “Fergana”neşirleriniň habarçylaryny ýanamagy güýçlendirendigi aýdylýar.

Azatlyk radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa iýul aýynyň aýagynda ölüm haýbaty atyldy, Saparmämmet Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň iýulyndan bäri galp aýyplamalar esasynda türmede saklanýar, Hudaýberdi Allaşow ejesi bilen bilen bilelikde heňe gelmeýän nas saklama aýyplamasy esasynda iki aý gowrak tussagda saklandy diýip, beýanatda aýdylýar.

Şu aralykda Warşawada, ÝHHG-nyň adam hukuklary boýunça geçirilýän ýyllyk konferensiýasynyň çäginde guralýan maslahatlarda hem Türkmenistan kän agzalýar. “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiriniň baş redaktory Ruslan Mätiýew ÝHHG-ny we oňa gatnaşyjy her bir ýurdy aýratynlykda Türkmenistanda bolýan zatlara, hususan-da “onlarça adamyň öz etmedik jenaýaty üçin uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilmegine” degişli baha bermäge çagyrdy.

Mätiýew bikanun tussag edilen adamlara mysal hökmünde raýat aktiwistleri Saparmämmet Nepesgulyýewiň, Mansur Mingelowyň, Gaspar Matalaýewiň atlaryny getirdi.

“Serhetsiz reportýorlar” we “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” guramalarynyň beýanatlary hukuk goraýjylar koalisiýasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kanun goraýjy ofiserleriniň adam gynamagy, şol sanda elektrik toguna tutmagy, demikdirmegi, adam zorlamagy we urmagy dowam etdirýändigi barada ýaýradan beýanatyna gabat geldi.

Bu koalisiýa gazak, gyrgyz, täjik, türkmen (Wena), özbek (Fransiýa) aktiwistleriniň guramalary, Adam hukuklary baradaky halkara partnýorlugy guramasy girýär.Olar degişli ýolbaşçylary adam gynalmagynyň öňüni almaga, adam gynaýanlary jezalandyrmaga we pidalara kompensasiýa tölenmegini üpjün etmäge çagyrýarlar.

XS
SM
MD
LG