Sepleriň elýeterliligi

Guramaçylaryň planyna görä, Aşgabat-2017 oýunlary prezidentiň täze rekordy bilen tamamlanar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylary oýunlaryň ýapylyş dabarasyna taýýarlyk görýärler.

Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, ýapylyş dabarasynda özboluşly bir rekordy goýmak göz öňünde tutulýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dabaranyň esasy gatnaşyjysy bolup, özüniň täze aýdymyny ýerine ýetirer we onuň bilen bilelikde aýdym aýtjak adamlaryň sany şu gezek 7.5 müňe ýetiriler.

Guramaçylaryň oýlap tapan käbir pursatlaryndan habarly çeşmeleriň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtmagyna görä, eýsem ýerine ýetiriljek aýdym prezidentiň awtorlygyndaky Aşgabat oýunlarynyň gimni däl-de, “Ýadymda” atly söýgi eseridir.

Şeýle-de, Azatlygyň çeşmeleri agzalan ideýanyň ýapylyş dabarasynyň sahnalaşdyrylmagy bilen meşgullanýan Italiýanyň şirketiniň göwnünden turmaýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, “Balich Worldwide Shows” kompaniýasynyň režissýorlary bu ideany, şeýle-de oýunlaryň açylyş dabarasynda ýerine ýetirilen sazlary halamandyr.

“Prezidentiň 7.5 müň tomaşaçy bilen bilelikde söýgi hakyndaky öz täze aýdymyny ýerine ýetirmegine garaşylýar. Häzir repetisiýalar geçirilýär, örän köp sazanda çekilýär. Ideýa daşary ýurtly spesialistleriň göwnünden turmady, emma olar ony kabul etmäge mejbur boldular, sebäbi kontrakt boýunça ýerli guramaçylar senariýa islendik düzedişleri goşmaga hakly” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan ygtybarly ýene bir çeşmesiniň sözlerine görä, sport çäresiniň türkmenistanly guramaçylary ýapylyş dabarasynyň 17-nji sentýabrda geçirilen açylyş dabarasyndan, has ajaýyp we geň galdyryjy boljagyna ynanýarlar. Çeşmämiziň aýtmagyna görä, repetisiýalara gatnaşýanlaryň prezidentiň aýdymyny guramaçylykly ýerine ýetirmegi onçakly kämil däl. Emma ýerli guramaçylar oýunlaryň ýapylyş dabarasynyň diňe bir täsirli bolmagyny gazanmak maksady bilen çäklenmän, döwlet baştutanynyň iki ýyl mundan öň goýan öz rekordyndan üstün çykmagyna mümkinçilik döretmegi maksat edinýärler diýip, çeşmämiz belleýär.

2015-nji ýylyň noýabr aýynda Mary şäherinde “Türkmeniň ak öýi” atly konsert köşgüniň açylyş dabarasynda prezident Berdimuhamedowyň “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymyny onuň özi bilen bilelikde dört müňe golaý adamyň ýerine ýetirendigi habar berlipdi. Bu aýdym Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi senasy hökmünde saýlandy we Giness rekordlar kitabyna girdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Aşgabat 2017” oýunlaryň ýapylyş dabarasynda öz aýdymy bilen çykyş etmäge taýýarlanýandygy barada “Türkmenistanyň Hronikasy” atly neşir hem habar berýär.

Açylyş we ýapylyş dabaralarynyň plany berk gizlinlikde saklanýar. Emma ýapylyş dabarasynda prezidentiň Awazada dynç alyş wagtynda agtyklary bilen bile döreden “Ýadymda” atly aýdymynyň ýerine ýetiriljegi örän ähtimal diýip, neşir ýazýar.

Aşgabat oýunlary 17-nji sentýabrda uly dabara bilen açyldy. Açylyş we ýapylyş dabaralarynyň amala aşyrylmagy üçin Italiýanyň “Balich Worldwide Shows” kompaniýasy hakyna tutulypdy. Käbir maglumatlara görä, çykdajylaryň bahasy 120 million amerikan dollaryna barabar bolupdyr.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylaryna ýakyn çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu oýunlaryň guramaçylygyna jemi 15 milliard amerikan dollary möçberinde pul harçlanypdyr.

Deňeşdirme üçin, Braziliýanyň Rio de Žaneýro şäherinde geçirilen soňky tomusky Olimpiýa oýunlaryna 4.6 milliard dollar möçberinde pul harçlandy, Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna bolsa 20 million amerikan dollaryndan sähel gowrak pul sarp edildi.

Bellemeli ýeri, habar beriş serişdeleri, şol sanda Azatlyk Radiosy Aşgabatda geçirilýän oýunlary Aziada ýa-da Aziýa oýunlary diýip ýalňyş atlandyrypdy, sebäbi olaryň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça oýunlaryna gatnaşygy ýok. Agzalan sport çärelerini tapawutlandyrýan ýeri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça oýunlaryň guramaçysy hökmünde Aziýanyň Olimpiýa komiteti çykyş edýän bolsa-da, ol Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edilmeýär. Mundan tapawutlylykda, Aziada ýa-da Aziýa oýunlary Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edilen iri halkara çäresidir.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG