Ýewropa Geňeşiniň karar çykaryjy edarasy Ministrler komiteti Orsýetiň häkimiýetleriniň oppozision lider Alekseý Nawalnynyň hukuklaryny depelemegini dowam etdirýändigini aýtdy we Orsýeti Nawalnynyň Orsýetiň prezidenti wezipesi ugrundaky “saýlawlarda çykyş etmegine” rugsat bermäge çagyrdy.
Ministrler komitetiniň 21-nji sentýabrda aýtmagyna görä, Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudunyň Orsýetde Nawalnyý we onuň bilen bilelikde sud edilen ýarany babatynda gozgalan işi “esassyz” diýip, fewral aýynda çykaran kararyna garamazdan, Nawalnyý “eden-etdilikli we adalatsyz” tussaglygynyň “netijelerinden ejir çekmegi dowam etdirýär”.
Orsýetiň Adalat ministrligi komitetiň beýanatyna jogap berip, Ýewropa Geňeşini öz ygtyýarlygynyň çäginden çykmakda we 2018-nji ýylyň prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda Orsýetiň häkimiýetlerine “syýasy basyş etmäge” synanyşmakda aýyplady. Komitetiň beýanatynda Nawalnynyň maliýe jenaýatlar bilen bagly aýyplamalaryň esasynda bäş ýyllyk şertli tussaglyga höküm edilmegi baradaky karara gaýtadan seredilendigi aýdylýar.
Orsýetiň häkimiýetleri Nawalna kesilen işiň onuň döwlet wezipesinde işlemegine rugsat bermeýändigini aýdýarlar. Nawalnyý 2018-nji ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak isleýär.