Sepleriň elýeterliligi

Şwed prokurorlary özbek derňewiniň çäginde Telianyň ozalky başlyklaryny aýyplaýar


Gülnara Kerimowa

Şwed prokurorlary, telekom läheňi Özbegistanda berlen para bilen bagly derňewde ylalaşmak üçin 1 milliard dollara golaý jerime tölemäge razy bolanyndan bir gün soň, Telia kompaniýasynyň ozalky ýolbaşçylarynyň üçüsini korrupsiýa aýyplamalarynda aýyplady.

Şwed prokuratura häkimiýetleri 22-nji sentýabrda ozalky baş ýerine ýetiriji Lars Nyberg we ýene iki aýyplanýan Özbegistanyň merhum awtoritar lideriniň gyzy Gulnara Kerimowa bilen baglanyşykly Takilant (Gibraltarda ýerleşýär) kompaniýasyna mobil telefon lisenziýasyny almak üçin uly möçberde pul tölemekde güman edilýär diýdi.

Bu tölegler Telianyň özbek häkimiýetlerinden alan lisenziýasy üçin “göni para berendigini” görkezýär diýip, baş prokuror Gunnar Stetler aýtdy. “Kerimowa mobil telefon bazaryna doly kontrollyk edýärdi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Sud edilýänleriň hemmesi özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG