ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň täze ballistik raketasyny synag etmegi bu meselede baglaşylan möhüm ýadro ylalaşygynyň gümanlydygyny görkezýär diýdi. Şeýle-de ol Eýranyň Demirgazyk Koreýa bilen bir hörpden gopýandygyny aýtdy.
"Eýran ýap-ýaňy Ysraýyla baryp ýetýän ballistik raketany synag etdi. Şeýle-de olar Demirgazyk Koreýa bilen bile işleşýär. Biziň beýle kän oňşugymyz ýok!” diýip, Tramp 23-nji sentýabr güni giçlik çap eden twitter beýanatynda aýtdy.
Eýran bu raketa synagyny Waşingtonyň ABŞ-nyň we beýleki dünýä döwletleriniň baglaşan ýadro ylalaşygyndan ýüz öwürmäge taýýardygyny duýdurmagyna garaman geçirdi.
Döwlet eýeçiligindäki IRIB telekanaly “Horramşahr” raketasynyň synag edilişini görkezdi.
"Bu Eýranyň 2 müň km aralyga ýetýän üçünji raketasy” diýip, telewideniýäniň diktory 23-nji sentýabrda efire berlen wideoýazgyda aýtdy. Eýran resmileri 22-nji sentýabrda onuň basym synag ediljekdigini aýdan hem bolsalar, döwlet TW-si bu synagyň haçan geçirilendigini aýtmady.
Bu raketa ilkinji gezek Tähranda 22-nji sentýabrda, 1980-nji ýyllaryň Yrak-Eýran urşunyň ýatlama gününde guralanharby paradda görkezildi.
Eýranyň prezidentiHassan Rohani parad wagtynda Tähranyň öz raketa programmasyny dowam etdirýändigini, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Eýranyň “howply raketalary” ýasamagyny bes etmek baradaky talabyna garamazdan, ýurduň harby kuwwatyny güýçlendirýändigini aýtdy.