Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Kürdüstan awtonom regiony garaşsyzlyk boýunça referendum geçirýär


Kürtleriň garaşsyzlygy boýunça referendum, Kirkuk, 25-nji sentýabr, 2017
Kürtleriň garaşsyzlygy boýunça referendum, Kirkuk, 25-nji sentýabr, 2017

Yragyň Kürdüstan awtonom regionynyň ses berijileri, Bagdadyň hökümetiniň Yragyň bütewüligi ugrunda göreşip, hatda möhüm nebit girdejilerini çäklendirmek ýaly çärelerden hem el çekmejegini aýtmagyna garamazdan, garaşsyzlygy boýunça referenduma gatnaşýarlar.

Kürdüstanyň regional hökümetiniň (KRG) prezidenti Masud Barzani hökmany bolmadyk bu ses berişligiň 1991-nji ýylda awtonomiýa eýe bolan regionyň garaşsyzlygy ugrundaky gepleşikler boýunça uzaga çeken prosesde birinji ädim bolandygyny we yslamçy ekstremistlere garşy uruşda uly rol oýnandygyny 25-nji sentýabrda aýtdy.

25-nji sentýabrda geçirilýän referendum üçin 12 müň saýlaw nokady açyldy, jemi regionda 5.3 million ses berijiniň hasaba alnandygy aýdylýar. 12 sagatlap dowam etjek ses berişligiň deslapky netijeleriniň 24 sagadyň dowamynda yglan edilmegine garaşylýar we oňlaýjy sesleriň agdyklyk etjegi çak edilýär.

BMG, ABŞ we beýleki günbatar ýurtlary referendumyň dawaly territoriýalarda durnuksyzlygy döretmeginden we “Yslam döwleti” toparyna garşy amala aşyrylýan uruşdan ünsi sowmagyndan aladalanma bildirýärler.

Referenduma garşy Bagdad bilen bir wagtda, köp sanly kürt ilatly Türkiýe we Eýran garşy çykýarlar.

XS
SM
MD
LG