Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada kinoteatrlar Nikolaý 2-nji baradaky kinofilmi görkezmäge gorkýarlar


Wladiwostokda bir kinoteatr
Wladiwostokda bir kinoteatr

Russiýanyň iň uly kinoteatrlar toplumy ors patyşasy Nikolaý 2-njiniň ýaşlyk döwri hakda surata düşürilen "Matilda" atly filmiň halk köpçüligine hödürlenmeginden gaça durýar.

Olar kinofilm we onuň režisýoryna garşy edilýän hüjümleriň barha köpelmegi bilen tomaşaçylaryň nägileliginden şeýle karara gelmäge mejbur bolandygyny düşündirýär.

"Cinema Park" we "Formula Kino" atly kinoteatrlar toplumyna eýe bolan firma şeýle beýannamany 12-nji sentýabrda halk köpçüligine ýetiripdir.

Edil şol gün hem Sankt-Peterburg şäherinde ol kinofilme garşy 2 müň adamyň gatnaşmagynda nägilelik ýörişi geçirilipdir.

Russiýanyň prawoslaw aktiwistleriniň, kazak toparlarynyň we beýlekileriň gatnaşmagynda geçirilen ol nägilelik ýörişinde, Russiýanyň soňky patyşasynyň portretleri we "Matilda rus halkyna äsgermezçilikdir" ýaly sözler ýazylan şygarlar göterilipdir.

Tanymal režisýor Alekseý Uçiteliň surata düşüren ol kinofilminde, geljekde patyşa boljak ýaş şazadanyň ýaşlygynda balet aktrisasy Matilda Kşesinskaýa bilen bolan yşk älemindäki gatnaşygy suratlandyrypdyr.

Ýöne bu kinofilm monarhistleriň we Russiýanyň prawoslaw aktiwistleriniň güýçli gazabyna duçar bolupdyr. Olaryň aýtmagyna görä, bu çeper film Russiýanyň prawoslaw buthanasy tarapyndan 2000-nji ýylda maşgalasy bilen bilelikde mukaddesleşdirilen patyşa Nikolaýa hormatsyzlykdyr.

Çeper filme garşy bildirilýän güýçli nägileliklere garamazdan, Russiýanyň medeniýet ministrligi iýul aýynda kinofilmiň halk köpçüligine hödürlenmegine rugsat beripdir. Filmiň tutuş ýurtda tanadylyş dabarasynyň bolsa 26-njy oktýabrda geçirilmegi barasynda karara gelnipdir.

Ýöne režisýor Uçitel bilen onuň çeper filmine garşy gurnalýan nägilelik çärelerinden soň "Cinema Park" we "Formula Kino" atly kinoteatrlar toplumyna eýeçilik edýän firma müşderileriniň howpsuzlygy üçin, ol kinofilmi görkezmekden gaça durýandygyny bildiripdir.

Režisýor Alekseý Uçitel
Režisýor Alekseý Uçitel

Firmanyň beýanatynda nygtalyşyna görä, kabul edilen bu karar gönümel tomaşaçylaryň howpsuzlygy bilen baglanyşyklydyr.

Ol firmanyň Russiýanyň 28 şäherindäki 75 kino toplumynda 624 sany mawy ekrany bar.

Firmanyň müdiri Roman Linin munuň gaty kyn karar bolandygyny belläp: "Kinofilm bilen baglanyşykly döredilen ýagdaý, aslynda onuň kommersiýa ýagny bazar gymmatyny ýokarlandyrýar. Emma biziň üçin owaly bilen müşderilerimiziň howpsuzlygy ähmiýetlidir" diýýär.

Kinoteatrlar ulgamy firmasynyň bu kararyndan owal režisýor Uçiteliň wekilleriniň işleýän ofisiniň gabadynda iki awtoulag oda berlipdir we daş-töwerege hem "Matildany oda bermek üçin" diýip ýazylan kagyzlar ýaýradylypdyr.

Bu bolsa soňky iki hepdeden hem az möhletiň dowamynda, ol çeper filme garşy gurnalan aýylganç çäräniň üçünjisine öwrülipdir.

31-nji awgustda näbelli adamlar režisýor Uçieliň Sank-Peterburgdaky studiýasyna ýangyç guýlan çüýşeleri zyňypdyrlar.

4-nji sentýabrda bolsa kinofilme garşy öz nägileligini bildiren bir adam awtoulagyny Ýekaterinburgdaky kinoteatryň içine sürip, ony oda beripdir.

Muňa garamazdan, çeper filmiň tanyşdyrylmagy üçin 11-nji sentýabrda Wladiwostok şäherinde geçirilen çärede, asudalyk höküm sürüpdir. Ýöne Moskwada hem edil şol gün geçirilmeli tanyşdyryş çäresi 25-nji oktýabra süýşürilipdir.

Kinofilme esasy garşy çykýanlaryň biri bolan halk wekili, ýagny Krymyň owalky baş sülçüsi Natalýa Poklonskaýa bolsa mart aýynda patyşanyň bürünç heýkelinden töwerege geň ysyň ýaýrandygyny öňe sürüpdir.

1991-nji ýylda SSSR-iň dargamagyndan soň täzeden işjeň ýagdaýa gelen Russiýanyň prawoslaw buthanasynyň töwereginde meýletin janköýerler köpelmäge başlapdy.

Režisýor Uçiteliň wekili Konstantin Dobryniniň ofisiniň gabadynda oda berlen awtoulag
Režisýor Uçiteliň wekili Konstantin Dobryniniň ofisiniň gabadynda oda berlen awtoulag

Olara prezident Wladimir Putiniň tutumy hem uly goltgy bolupdy. Prezident buthananyň häzirki döwürde özüniň adaty ýörelgeleri bilen jemgyýet üçin ahlak ylhamy bolup durýandygyny nygtapdy.

Çeper filmde suratlandyrylýan hekaýa barada söz açylanda, Nikolaý bilen Kşesinskaýanyň arasyndaky yşk ody 1894-nji ýylda tutaşypdyr. Şol ýyl Nikolaý Germaniýanyň mirasdüşer şa zenany we geljekde hem Russiýa patyşasynyň aýaly boljak Aleksandra bilen maşgala gurupdyr.

Şol söýgi gatnaşygy hakda Russiýanyň taryhynda jikme-jik gürrüň edilmeýänem bolsa, ybadathana işgärleri we hut Poklonskaýa aýtmyşlaýyn "rus patyşasynyň ýarym polýak we asylzadalardan bolmaýan birini şeýle söýendigine ynanmaýandygyny" aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG