Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan "Aşgabat 2017" oýunlaryny öz sportsmenleriniň üstünligi bilen tamamlady


"Aşgabat -2017" oýunlary, 25-nji sentýabr, 2017
"Aşgabat -2017" oýunlary, 25-nji sentýabr, 2017

Türkmenistanyň sportsmenleri Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýeňiji boldy diýip, “Aşgabat-2017” oýunlaryň iň soňky güni 27-nji sentýabrda türkmen mediasy habar berdi.

Döwlet habar agentliginiň maglumatynda Türkmenistanyň ýygyndy komandasynyň baýraklaryň umumy sany boýunça bäsdeşleriniň ählisinden uzak öňe saýlanandygy bellendi.

Türkmenistanly sportsmenleriň oýunlarda eýe bolan baýraklarynyň umumy sany 245 medaldan, şol sanda 89 altyn, 70 kümüş we 86 bürünç medallardan ybarat bolup, ikinji ýere jemi 97 medal gazanan Hytaýyň ýygyndy komandasy çykypdyr.

17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda 21 sport görnüşi boýunça bäsdeşlige 64 sany milli komandanyň we bosgunlar toparynyň, jemi 4066 sportsmeniň gatnaşandygy habar berildi.

27-nji sentýabrda Aşgabadyň Olimpiýa oýunlaryň ýapylyş dabarasy boldy.

Bu oýunlary geçirmek hukugyna 2010-njy ýylyň 19-njy dekabrynda eýe bolan Türkmenistanyň jemi 11 milliard amerikan dollaryna barabar çykdajy edendigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG