Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow täze kitap ýazdy, ogly at gazanan tälimçi boldy, türgenler prezidente tigir berdiler


"Türkmenistanyň Hronikasynyň" saýtyndan alnan surat
"Türkmenistanyň Hronikasynyň" saýtyndan alnan surat

Türkmen paýtagty ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen V Aziýa oýunlarynyň tamamlanan gününiň ertesi – 28-nji sentýabrda hem wakalara baý boldy.

Döwlet eýeçiligindäki TDH habar gullugynyň maglumatyna görä, şol gün prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň –“Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly eseriniň tanyşdyrylyşy boldy.

“Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri “täze kitapda bedenterbiýäniň we sportuň adamyň we jemgyýetiň durmuşynda oýnaýan rolunyň açylyp görkezilýändigini” habar berýär.

Türkmen prezidenti sport baradaky kitabyndan öň, 12-nji awgustda öz okyjylarynyTürkmenistanyň IIM-niň taryhywe kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň bu gurluşyň düzüminde bitiren işleri baradaky dokumental eseri bilen begendiripdi.

Şeýle-de TDH onuň eýýäm 14-nji sentýabrda, kakasy baradaky kitabynyň çapdan çykanyndan bary-ýogy bir aý soň atlar hakynda kitap ýazmaga başlandygyny habar berdi.

Aziýa oýunlaryndan soňky ilkinji gün prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow üçin hem begençli gün boldy:türkmen parlamenti oňa “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” diýen hormatly adyň dakylýandygy baradaky şahadatnamany we döşe dakylýan nyşan gowşurdy.

Habarda tassyklanylmagyna görä, prezidentiň ogly bu hormatly derejä “Türkmenistanyň sport döwleti hökmündäki halkara abraýyny ýokarlandyrmaklyga hem-de ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen 5-nji Aziýa oýunlarynda baýrakly orunlary eýelän sportsmenleri taýýarlamaklyga goşan şahsy goşandy” üçin mynasyp bolupdyr.

Mundan öň Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň DIM-inde jogapkär wezipä bellenendigi, Mejlisiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy bolandygy, ýöne ondan öň ylmy işler bilen meşgullanyp, ylmy derejeleri alandygy habar berlipdi.

Elbetde, Aziýa oýunlaryndan soň iň köp begenenler ýa begendirilenler bu oýunlara berk taýýarlyk gören weýaryşlarda ýeňiji bolan, hususan-da altyn medal gazanan türgenler we medal alan türgenleriň tälimçileri boldy. Olara prezidentiň adyndan “Toyota Camry GL Executive” markaly ýeňil awtoulag sowgat berildi.

Ýaryşlarda kümüş medal alanlara $5 000; bürünç medal alanlara $3 000 dollar möçberinde sylaglar gowşuryldy.

Ýatladýarys, Türkmenistanyň ýygyndy komandasy bu ýaryşlarda jemi 245 medal, 89 - altyn, 70- kümüş we 86 - bürünç medal almagy başardy. Ýaryşlarda türkmen türgenleriniň altyn medal boýunça iň ýakyn bäşdeşi Hytaýbiziň sportsmenlerimizden iki esse az - 42 altyn medal aldy.

Türkmen häkimiýetleri bu oýunlaryň öňünden adam hukuklaryny has giň möçberde bozmakda, Aşgabady abadanlaşdyrmak proýektleriniň çäginde müňlerçe adamyň jaýyny ýykmakda we olara ýeterlik kompensasiýa bermezlikde, raýatlaryň, hususan-da regionlaryň ilatynyň hereket azatlygyny çäklendirmekde we býujet işgärlerini, okuwçylary hem studentleri mejbury çärelere çekmede tankyt edildi.

Şeýle-de, resmi taýdan tassyklanmadyk we inkär edilmedik maglumatlara görä, 5-nji Aziýa oýunlaryna zerur bolan serişde ýetmezçiligiraýatlaryň bir böleginiň aýlyklarynyň belli bir prosentiniň tutulmagyna we ‘aziada kömek üçin’ ulanylmagyna, ýurduň gurply adamlaryndan, işewürlerden mejbury-meýletin serişde toplanmagyna getirdi.

Ekspertler bu oýunlaryň garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda iň çynlakaý ykdysady krizise gabat gelendigini aýdýarlar.

Resmi maglumatlara görä, 5-nji Aziýa oýunlary üçin gurlan sport desgalary türkmen gaznasyna 5 milliard dollardan gowrak serişdä düşdi. Şeýle-de Aşgabatda bu çärä gabat täze, 2,3 milliard dollara düşenhalkara howa menzili guruldy.

Bu uly çykdajylar ýurtda ilata garaşsyzlyk ýyllarynyň başyndan bäri berilýän we Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.Nyýazowyň wadasy boýunça 2030-njy ýyla çenli saklanmaly sosial ýeňillikleriň ýatyrylýan wagtyna gabat geldi.

Ýene bir bellemeli zat, 28-nji sentýabrda sylaglanan türkmen türgenleri prezident Berdimuhamedowa täze tigir sowgat berdiler.

XS
SM
MD
LG