Sepleriň elýeterliligi

Hindistanda basa-baslyk zerarly azyndan 22 adam wepat boldy, 30 adam ýaralandy


"Elphinstone" demirýol stansiýasy, Mumbai, 29-njy sentýabr, 2017

Hindistanda Mumbaýyň demirýol stansiýasynda dörän basa-baslyk zerarly azyndan 22 adamyň wepat bolandygyny we 30 adamyň ýaralanandygyny resmiler habar berdiler.

Polisiýa basa-baslygyň Mumbaýyň “Elphinstone” demirýol stasiýasynda köpriniň üstünde dörändigini aýdýar.

Bu stansiýada günüň gyzgalaňly wagtlarynda adatça Lower Parel etrabynda ýerleşýän edaralaryň işgärlerinden dyknyşyk bolýar.

Bu etrap Mumbaýyň merkezinde täze gurlan kaşaň jaýlaryň, söwda merkezleriniň we halkara maliýe edaralarynyň binalarynyň, şol bir wagtda-da garyp çatmalaryň golaýynda ýerleşýär.

Resmiler ýagyşdan gizlenjek bolan adamlaryň penanyň aşagynda üýşmeginiň netijesinde onsuzam dyknyşykly köprüde basa-baslyk döredendigini aýdýarlar.

Polisiýa köpriniň ýumrulýandygy baradaky myş-myşlaryň adamlaryň dowula düşüp, basa-baslygyň döremegine sebäp bolandygyny aýtdy.

Bu betbagtçylygyň wideosy sosial mediada peýda boldy, adamlaryň köprüden bökýändigi we köpriden asylyp, durandygy görkezildi.

XS
SM
MD
LG