Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: 'Parahada' goýberilen ulaglar gijäň ýary etrapçadan çykaryldy


Aşgabadyň uly köçeleriniň biri. Illýustrasiýa suraty

28-nji sentýabrda gije paýtagtyň öň ýapyk bolan Parahat 1, Parahat 2/1 we Parahat 2/2 etrapçalaryna awtoulaglar duýdansyz goýberilip başlandy. Emma aradan gysga wagt geçensoň, awtoulaglar gaýtadan etrapçadan çykaryldy.

Ýatladyp geçsek, Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna bir hepde çemesi wagt galanda, bu etrapçalaryň köçeleriniň girelgelerine ýörite germewler ýerleşdirilip, döwlet we şahsy awtoulaglaryň girmegine gadagançylyk girizilipdi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, penşenbe güni gije sagat 22:00-da, agzalýan etrapçalardaky 1 metr 20 santimetr beýikligindäki demir haýatlar we beton germewler aýrylandan soň, ýaşaýjylar öz awtoulaglaryny ýaşaýan etrapçalaryna getirýärler. Ýöne aradan 1 sagat çemesi geçip-geçmänkä, ýagny gije sagat 12:00-a golaýlanda Köçe-ýol hereketine gözegçilik gullugyň awtoulagly işgärleri “ala-goh” edip, ulaglary etrapçadan çykaryp başlaýarlar.

“Awtoulaglaryň etrapça goýberiljekdigi barada öňünden hiç kime duýduryş edilmedi. Hatda şäher we etrap häkimligine degişli tölegli awtoduralgalaryň işgärlerine hem bu barada hiç zat aýdylmandyr. Şol sebäpli awtoulagyny öz ýaşaýan etrapçasyna getiren ýaşaýjylar ulaglary ýörite duralgalarda däl-de, jaýlarynyň arka ýa-da öň tarapynda goýdular. Muny gören Köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän gullugyň işgärleri-de, ‘ulaglary dessine aýryň’ diýip, gijäň ýary goh edip, ses gataldyjylar bilen duýduryş berip başladylar. Awtoulag eýeleri nälaç ulaglaryny yzyna – şäheriň çetindäki awtoduralga äkitmeli boldular. Polisiýa işgärleri ýaşaýjylary daňdan, takmynan sagat 04:00-a çenli ýatara goýmady” diýip, Azatlygyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran söhbetdeşi aýtdy.

Şeýle-de, 29-njy sentýabrda irden sagat 05:00 töweregi mundan bir aý gowrak öň ýapylan Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly hem awtoulag we jemgyýetçilik transport gatnawlary üçin açyldy.

“Ýaşaýjylar irden işe gitmek üçin öýlerinden çykanda, şaýolunyň açylandygyny bilip galdylar. Jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawy ýola goýlan bolsa-da, bu transport serişdesinden peýdalanmak üçin raýatlar azyndan bir sagat garaşmaly bolýarlar. Sebäbi her 50-55 minutdan bir awtobus gelýär. Ol awtobus başga ugra gidýän bolsa, indiki awtobusyň gelmegi üçin ýene şonça garaşmaly” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Azatlygyň paýtagtdaky çeşmeleri Aşgabat şäheriniň Parahat -1 we Parahat -2 etrapçalaryna Andalyp köçesinden girilýän esasy iki köçäniň, ýagny ‘Ýaşlyk’ we Ýunus Emre köçeleriniň ýapylandygyny, şeýle-de bu etrapçalara barýan 30-35 çemesi beýleki kiçi köçeleriň ählisine hem beton bölekleriň ýerleşdirilendigini mundan üç hepde çemesi öň habar beripdiler.

Şondan soň, etrapçalara hiç bir awtoulagyň, şol sanda merhumy alyp gitjek ýörite awtoulagyň hem girip bilmändigi, ýaşaýjylaryň ortaça 2 kilometr aralygy pyýada ýöräp geçmeli bolandygy aýdylypdy.

Mundanam başga, türkmen häkimiýetleri “Aşgabat 2017” oýunlarynyň öň ýanynda, şäher we region ilatynyň paýtagtdaky hereketini çäklendirdiler, ozalky tussaglara ýaryşlaryň geçirilýän ýerleriniň golaýynda görünmezligi buýurdylar we eýesiz it-pişikleri ýok etmek, dilegçi çagalaryň köçä çykmagynyň öňüni almak üçin berk çäreleri gördüler.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri “Aşgabadyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hötdesinden abraý bilen gelendigini” tekrarlasalar-da, oýunlara gabatlanyp girizilen gadagançylyk we çäklendirmeler, şeýle-de olaryň ilata ýetirýän täsirleri barada kelam söz aýtman gelýärler.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG