Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ispan polisiýasy katalon ses berişliginiň öňüni alýar


Sant Julia de Ramis. Polisiýa bilen saýlawçylaryň gapma-garşylygy
Sant Julia de Ramis. Polisiýa bilen saýlawçylaryň gapma-garşylygy

Ispan polisiýasy Kataloniýada saýlawçylara garşy çykdy we garaşsyzlyk referendumyny togtatmaga synanyp, saýlaw uçastoklaryndaky gapyrjaklary tutup aldy.

Sebitdäki adatdan daşary ýagdaý resmileri 1-nji oktýabrda saýlaw uçastoklarynda polisiýa bilen çaknyşyklarda azyndan 38 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdylar.

“El Periodico” gazeti polisiýanyň Barselonadaky saýlawçylara garşy rezin oklary ulanandygyny habar berdi.

Madriddäki häkimiýetler bu referendumy “bikanun” diýip atlandyrdylar we onuň öňüni almagy wada berdiler.

Kataloniýanyň paýtagty Barselonadaky saýlaw uçastoklarynyň birinde 1-nji oktýabrda, ir sagat 9-da saýlaw uçastogy açylandan soň, pitnä garşy polisiýa we ses bermäge gelen adamlar gapma-garşy boldy.

Ses bermekçi bolan adamlaryň ýüzlerçesi zor bilen şäher mekdebindäki saýlaw uçastogyndan çykaryldy diýip, AP wakanyň bolan ýerindäki şaýatlara salgylanyp habar berdi.

Katalon hökümet resmileri ses berişlik başlanmazynyň öň ýanynda saýlawçylaryň býulletenleri öýde print edip, soň olary polisiýa tarapyndan ýapylmadyk islendik saýlaw uçastogynda gapyrjaga atyp biljekdiklerini aýtdylar.

“Biz özümiziň etmek islemeýän bir zadymyzy etmäge mejbur edildiK diýip, ispan hökümetiniň Kataloniýadaky wekili Enric Millo metbugat ýygnagynda aýtdy.

"Munuň hemmesi gözboýagçylyk, galplyk. Taryhda birinji gezek ses berişlige 45 minut galanda oýnuň düzgünleri üýtgedilýär” diýip, Millo aýtdy.

Referendumy goldaýjylaryň bir topary mekdeplerde bolup, çagalary bilen oýun oýnap, ýatyş düşeklerini düşenip, ses berişlik başlanýança saýlaw uçastoklaryny açyk saklamaga çalyşdy.

Katalon prezidenti Carles Puigdemont 10-njy sentýabrda referendum üçin “hemme zat taýýar” diýip jar edeli bäri,teklip edilýän referendum Katalon sebitinde we Ispaniýanyň galan böleginde dartgynlygy ýokarlandyrdy.

Puigdemont Girona welaýatynda, Cornella del Terride, başda çak edilen ýerden başga saýlaw uçastogynda ses berdi.

XS
SM
MD
LG