Sepleriň elýeterliligi

Stambulda türkmen migranty atylyp öldürildi


Stambul şäheri. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Stambulyň Şişli etrabynda çörek önümleri bişirilýän ýerde işleýän bir türkmen migrant öz işdeşi tarapyndan atylyp öldürildi.

Türk mediasynda ýaýran habarlarda aýdylşyna görä, waka düýn gije sagat 23:00 töwereginde, Stambulyň Şişli etrabynyň Bozkurt mähellesiniň Feriköý-Kurtuluş şaýolunyň ugrunda ýerleşýän çörek önümleri bişirilýän ýerde ýüze çykypdyr. Maglumata görä, ol ýerde işleýän 37 ýaşyndaky Myrat D. bilen 23 ýaşyndaky türkmenistanly migrant Hoşgeldi Polatowyň arasynda bilinmeýän bir sebäpden uruş turupdyr. Şonda Myrat D. elindäki sapançasy bilen türkmen migranty Hoşgeldä 7 gezek ot açyp, ondan soň ol ýerden gaçyp gidipdir. Tüpeň sesini eşidip, çörek önümleri bişirilýän ýere gelen adamlar türkmen migrantynyň gana boýalyp ýatandygyny görüp, Tiz kömegi çagyrypdyrlar.

Derrew wakanyň bolan ýerine gelen Tiz kömek topary türkmen migranty Hoşgeldi Polatowyň gülleler sebäpli aradan çykandygyny anyklapdyr. Stambulyň polisine degişli jenaýaty gözläp agtaryş bölüminiň işgärleri wakanyň bolan ýerine gelip, giňişleýin derňew işini geçiripdir. Sülçüniň geçiren barlagyndan soň türkmen migranty Hoşgeldiniň jesedi Şişli Hamidiýe Eftal ylmy-barlag hassahanasynyň morguna äkidilipdir.

Türk polisi çörek önümleri bişirilýän ýerde işleýänleriň baryny sorag etmek üçin polis merkezine iberipdir. Polis şol bir wagtyň özünde türkmen migrantyny atyp gaçan Myrat D. atly raýatyň ele salynmagy üçin, derrew gözleg-agtaryş işlerini başladypdyr.

Ýatlap geçsek, iýul aýynda türk mediasynda ýaýran habarlarda öňe sürlüşine görä, Türkmenistandan Stambula işlemäge gelen 19 ýaşyndaky türkmen migranty Hakim Hamraýew bilen bir hususy türk uniwersitetinde okaýan 23 ýaşyndaky türkmen studenti Haşimjan Rustamow özlerine paç tölemändigi sebäpli Stambulyň Fatih etrabyndaky bir restoranda işleýän türkmenistanly zähmet migranty, 37 ýaşyndaky Merdan Turgaýewiň janyna kast edipdi.

Türkiýe türkmen migrantlarynyň agdyklyk edýän ýurtlarynyň başyny çekýär. Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, Türkiýä eklenç üçin gelýändigi aýdylýan türkmen raýatlarynyň aglaba bölegi zähmet migranty we köpüsi-de köne pasportly bikanun ýagdaýda. Türkiýäniň migrasiýa gullugynyň hasabatlaryndan çen tutulsa, diňe 2016-njy we 2017-nji ýyllarda Türkiýede kanuny ýagdaýda hasaba alnan türkmenistanly raýatlaryň sany 30 müň töwereginde. 2012-nji ýyldan bäri Türkiýedäki köne pasportly türkmen migrantlary bilen baglanyşykly geçirilen barlaglaryň netijesine görä, Türkiýede takmynan 200 müňe golaý köne pasportly we bikanun ýagdaýda işleýän türkmen migrantlarynyň bardygy çak edilýär.

Türkiýäniň Medeniýet we turizm ministrliginiň hasabatyna görä, Türkmenistandan Türkiýä ýanwar aýyndan iýun aýyna çenli 274 müňden gowrak türkmenistanly turist görnüşinde gelipdir. Türkiýäniň ýokary okuw jaýlary guramasynyň bildirmegine görä, ýurtdaky daşary ýurtly studentleriň köplügi taýdan Türkmenistan üçünji orunda durýar. Türkmenistanyň döwlet kontrolundaky metbugatynda türkmen migrantlary barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG