Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk prezidenti demirgazyk Siriýada çynlakaý operasiýa başlaýandygyny aýdýar


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 7-nji oktýabrda, iki ýurduň serhedinde goşun toplanýandygy baradaky habarlar arasynda, demirgazyk Siriýada pitneçileriň kontrolynda galýan Idlib welaýatny yzyna almak üçin operasiýanyň başlanandygyny yglan etdi.

Türkiýe Russiýa hem-de Eýran bilen bu sebitdäki ýaraşyk babatynda bile işleşmek ylalaşygyna geleninden soň,Siriýa bilen araçägindäki goşunlaryny köpeltdi.

"Biz Idlibde howpsuzlygy üpjün etmek üçin täze çäreleri görýäris. Şu gün Idlibde örän çynlakaý operasiýa geçirilýär we bu dowam eder” diýip, Erdogan Afýon şäherinde sözlän sözünde aýtdy.

Erdogan telewideniýede eşitdirilen sözünden soň žurnalistlere jogap berip, türk esgerleriniň entek Idlibe barmandyklaryny, harbylaryň “Azat Siriýa goşuny” güýçlerini türk serhediniň içinden goldaýandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG