Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň goldawçylary 7-nji oktýabrda ýurduň çar künjegindäki şäherlerde köçelere çykyp, polisiýa tarapyndan berk gaýtawula getirip biljek protestlere toplandylar.
Wladiwastok, Habarowsk, Ulan-Ude, Çita, Stawropol, şol sanda Moskwa şäherlerinde eýýäm ýygnanyşyklar we piketler geçirildi.
Putiniň dogduk şäheri Sankt Peterburgda häkimiýetler agşam sagat 6-da planlaşdyrylan protest aksiýasynyň geçiriljek ýeriniň daşyna haýat we germew aýladylar.
Bu protestler prezident Wladimir Putiniň 65 ýaşynyň dolýan gününde geçirilýär.
Samara şäherindäki protest mahalyndan azyndan ýedi adamyň tussag edilendigi barada maglumat bar. Ižewsk, Ýakutsk şäherlerinde hem protestçileriň tussag edilenleriniň bolandygy aýdylýar. Ýekaterinburg şäheriniň häkimi Ýewgeniý Roýzman hem öz şäherinde guralan mitingde peýda boldy, bu ýerde 10 adamyň tussag edilendigi habar berilýär.
Sankt Peterburgda Nawalnynyň kampaniýa kordinatory Mihail Sosin we kampaniýanyň aklawçysy Denis Mihailow tussag edildi. Onuň Perm, Twer, Stawropol şäherlerindäki kampaniýa kordinatorlary hem, şeýle-de ýurduň beýleki birnäçe ýerindäki kömekçileri tussag astyna alyndy.
Tarapdarlary Nawalnynyň 2018-nji ýylyň martynda geçirilýän prezident saýlawlaryna gatnaşmagyna rugsat berilmegini talap edýärler.
Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Moskwadaky habarçysy paýtagtyň Puşkin skwerinde birnäçe ýüz adamyň, şol sanda ellerine rezin ördek alan ýetginjekleriň toplanandygyny aýdýar.
Bu ördekleri Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň öz emläkleriniň birinde ördekler üçin hem ýörite jaýynyň bardygy habar berlenden soň protestleriň simwolyna öwrüldi.
Puşkin skwerindäki protestçiler “Putin – ogry!” “Doglan günüň gutly bolsun!”, “Häkimiýetler biz!”, “Putinsiz Orsýet!”, şeýle-de “Nawalnyny azat et!” diýen şygarlara gygyrýarlar.
16 ýaşyndaky Nikita Grigoriew Moskwada bir mekdebiň okuwçysy, ol Azatlyk radiosynyň Rus gullugyna “Men bu ýere häkimiýetlerden Alekseý Nawalna prezident saýlawlaryna gatnaşmaga rugsat berilmegini talap etmäge geldim” diýdi.
57 ýaşyndaky Lýudmila Gurowa Azatlyk radiosyna “Bize azatlyk: ýygnanyşmak azatlygy, kimlik azatlygy, öz ýurdumyz barada pikirimizi aýtmak azatlygy gerek” diýdi. “Bu bir faşist ýurdy, men faşizm ornaşyp galdy diýip pikir edýärin. Soňky 26 ýylda men sosial dowzahda ýaşadym” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Bu protestler Moskwa sudunyň Nawalnynyň 20 günlük türme tussaglygyndan eden şikaýatyny ret eden gününiň ertesi geçirilýär. Nawalnyý ygtyýar berilmedik ýygnanyşygy geçirmäge çagyrmazlyk baradaky kanuny bozandygy üçin günäli tapyldy.
Bu sud karary Nawalnynyň prezident Wladimir Putiniň doglan gününe, 65 ýaşynyň dolmagyna gabar geçirilýän protestler wagtynda türmede galjagyny aňladýar.
Nawalnynyň saýlaw kampaniýasynyň başlygy Leonid Wolkow hem 5-nji oktýabrda 20 gün tussaglyga höküm edildi.
Bir topar şäheriň ýerli hökümetleri planlaşdyrylan demonstrasiýalara rugsat bermedi.