Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy Birleşen Ştatlaryň akademigine berildi


Riçard Talere (Richard Thaler)
Riçard Talere (Richard Thaler)

2017-nji ýylyň ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy “ykdysadyýetiň psihologiýasyna düşünmäge” gönükdirilen işi üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşaýan ykdysadyýetçi Riçard Talere (Richard Thaler) berildi.

9-njy oktýabrda Şikago uniwersitetiniň akademigi Taler 9 million şwed krony, ýagny 1,1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragy bilen hem sylaglandy.

Taleriň işi ynsanyň aýratynlyklarynyň indiwidual kararlar bilen bir hatarda, bazar netijelerine hem nädip täsir ýetirýändigini görkezýär diýip, Nobel komiteti aýtdy.

Ykdysadyýetden daşgary 8 million şwed krony (930 müň amerikan dollary) bolan baýraklar şwesiýaly senagatçy Alfred Nobeliň islegi boýunça ilkinji gezek 1901-nji ýylda berildi.

Dinamity oýlap tapan alym Alfred Nobeliň adyny göterýän baýrak ylym, edebiýat, we parahatçylyk ugurlary boýunça berilýär.

XS
SM
MD
LG