Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz häkimiýetleri: Gazagystan öz serhet araçäklerindäki gözegçiligi güýçlendirýär


Gyrgyz-gazak gümrük nokatlarynyň birinde emele gelen ulag nobaty
Gyrgyz-gazak gümrük nokatlarynyň birinde emele gelen ulag nobaty

Gyrgyz häkimiýetleri 15-nji oktýabrda Gyrgyzystanda geçiriljek prezident saýlawlary bilen baglanyşykly dörän dartgynlylyk sebäpli, Gazagystanyň öz Merkezi Aziýa döwletleri bilen serhet araçäklerindäki gözegçiligi güýçlendirendigini aýdýarlar.

Gyrgyzystanyň Döwlet Serhet gullugynyň 11-nji oktýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 10-njy oktýabrdan başlap birnäçe gümrük nokadynyň golaýynda awtomobilleriň we adamlaryň uly nobaty emele geldi.

Gazak häkimiýetleri öz barlaglaryny güýçlendirene we adamlaryň serhetden geçmegini haýalladana meňzeýär diýip, gyrgyz häkimiýetleri aýdýarlar.

Bu ýagdaý barada gazak häkimiýetleri tarapyndan häzirlikçe resmi kommentariý berilmedi. Bu waka gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýewiň gazak häkimiýetlerini “Gyrgyzystanyň içerki işlerine goşulyşmakda” aç-açan aýyplamagyndan birnäçe gün soňa gabat geldi.

7-nji oktýabrda Atambaýew goňşy Gazagystany kandidatlaryň biri Omurbek Babanowa aç-açan goldaw bermek arkaly, ýurduň prezidentlik kampaniýasyna goşulyşmakda aýyplady.

Atambaýew köpçülikde eden şol çykyşynda gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewi onlarça ýyl häkimiýet başynda galmakda tankyt etdi.

10-njy oktýabrda gazak premýer-ministri Bakytžan Sagyntaýew gyrgyz häkimiýetleriniň aýyplamalaryny “esassyz” diýip, ret etdi.

XS
SM
MD
LG