Sepleriň elýeterliligi

Aýlyklar berlip başlandy, emma bankomatlarda pul ýok


Türkmenistandaky bankomatlaryň biri. Arhiwden alnan surat

Aşgabadyň döwlete degişli edara-kärhanalarynyň käbirinde işgärlere sentýabr aýy üçin zähmet haklarynyň berlip başlanandygy, emma olaryň öz plastik kartlaryna ugradylan aýlyklaryny nagtlaşdyrmakda dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy habar berilýär.

Ýatlap geçsek, paýtagtyň aň-bilim edaralarynda, saglyk we nebit-gaz pudagynda işleýänleriň aglabasynyň sentýabr aýy üçin zähmet haklarynyň berilmeýändigi geçen hepde habar berlipdi.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleri 11-nji oktýabrdan başlap bilim, medeniýet we saglyk işgärlerine aýlyklaryň berlip başlanandygyny, emma ýene-de öňden gelýän problemalaryň olaryň öňünde keserip durandygyny aýdyp, işgärleriň aglabasynyň aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmeýändigini belleýärler.

Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözüne görä, munuň sebäpleri şäherde bankomatlaryň sanynyň azlygy, olaryň aglabasynyň işlemeýändigi, bar bolan bankomatlarda-da nagt puluň ýetmezçilik edýändigi bilen baglanyşykly.

“Aşgabat şäheriniň Parahat-3 etrapçasynda ýerleşýän ‘10 ýyl abadançylyk’ köçesiniň ugrundaky ‘Türkmenistan’ bankynyň şahamçasynda goýlan üç bankomadyň ikisinde düýnem, şu günem pul bolmandyr. Birindäki pulam aýlygyny almana gelýän ortaça 10-12 adama ýetýär. Ir sagat 9-da işläp başlaýan şol ýekeje bankomadam sagat 11-den işläp ugranda, ýagny ol işläp başlanyndan ortaça 1 sagat 10 minut çemesi wagt soňra puluň gutarandygy hakynda awtomatik usulda ýazgy peýda bolupdyr” diýip, Bugaýew býujet işgärlerine salgylanyp gürrüň berdi.

Ol şeýle ýagdaýyň golaýda “Senagat” bankyň Atatürk köçesiniň ugrunda ýerleşýän merkezi ofisindäki bankomatlarda-da gaýtalanýandygyny aýdýar.

Şeýle-de, ol Görogly (öňki Şewçenko) köçesiniň ugrundaky ozalky “Halk” bankyň merkezi ofisindäki, şeýle-de Zelili köçesiniň ugrunda we Parahat-1 etrapçasynda ýerleşýän şahamçalarynda oturdylan bankomatlaryň-da aglabasynyň işlemeýändigini, galanlarynda-da nagt puluň bir ýa-da bir ýarym sagadyň dowamynda gutarýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Bu ýagdaýyň Ahal, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň şäher we etrap merkezleriniň ençemesinde gaýtalanýandygy, emma munuň sebäpleri barada türkmen häkimiýetleri tarapyndan hiç hili düşündirişiň berilmeýändigi aýdylýar.

“Adamlar bankomatlar işläp başlamazdan ortaça 1 sagat ýa-da 45 minut öň baryp, şol ýerde nobata durýarlar. Ýöne bankomatdaky goýlan pullar şol nobatlaryň üçden birine-de hyzmat etmänkä, ýagny adamlaryň üçden biri aýlygyny almanka, bankomatlardaky pullar gutarýarmyşyn” diýip, Bugaýew agzalýan welaýatlardaky käbir döwlet işgärlerine salgylanyp gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Aşgabatdaky önümçilik kärhanalarynyň, şol sanda Balkandaky “Türkmennebit” önümçilik birleşiginiň, Daşoguzdaky ýag çykaryjy zawodyň işgärlerine entek sentýabr aýy üçin zähmet haklarynyň henizem berilmeýändigini, agzalýan edaralarda işleýän raýatlaryň käbirleri Azatlyk bilen söhbetdeşliginde aýtdylar.

Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň aýlyklarynyň wagtynda berilmezligi, käte üç-dört aý gijikdirilmegi we bankomatlarda nagt puluň ýetmezçilik etmegi bilen baglanyşykly ýagdaýlar indi iki ýyla golaý wagt bäri gaýtalanyp gelýär.

Şol bir wagtyň özünde, bazarlarda azyk we senagat harytlarynyň aglabasynyň gymmatlamagynyň dowam edýändigi, aýlyklaryny wagtynda alyp bilmeýän käbir maşgalalaryň öz zerur hajatlary üçin dogan-garyndaşlaryndan karz pul almak çäresiniň giň ýaýraýandygyny ýerli synçylardan käbiri tassyklaýarlar.

Azatlyk Radiosy ýokarda agzalan meseleler dogrusynda, Türkmenistanyň gürrüňi edilen banklary bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariý almak başartmady. Bankomatlarda nagt puluň tapdyrmaýandygy, olaryň öňünde emele gelýän uly nobatlar barada türkmen media serişdeleri hem henize çenli kelam agyz söz aýtman gelýärler.

XS
SM
MD
LG