Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ rus harbylaryna wiza bermedi


ABŞ-nyň Günorta Koreýadaky goranyş ulgamy.

Moskwa ABŞ-ny rus harby resmilerine wiza bermezlikde aýyplady. Gürrüňi gidýän resmiler Birleşen Milletler Guramasynda ABŞ-nyň raketa goranyş ulgamyny tankytlaýan rus-hytaý brifingine gatnaşmalydylar.

Russiýanyň goranmak ministrliginiň halkara gatnaşyklary komitetiniň wekili Aleksandr Ýemelýanowyň aýtmagyna görä, Moskwa bu brifinge russiýanyň baş harby ştabynyň esasy operatiw bölüminiň başlygy, general-leýtenant Andreý Tretýagyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýany ugratmakçy bolupdyr.

“Olara wiza berilmedi” diýip, Ýemelýanow brifingiň öň ýany mälim etdi.

Russiýa bilen Hytaý uzak wagtdan bäri ABŞ-nyň raketa goranyş ulgamlaryny tankytlap gelýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG