Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Düşündiriş: ÝUNESKO näme? Waşington näme sebäpden ondan çekilýär?


ÝUNESKO--ny[ logosy. Pariž, 12-nji oltýabr, 2017.
ÝUNESKO--ny[ logosy. Pariž, 12-nji oltýabr, 2017.

Birleşen Ştatlary BMG-niň medeniýet boýunça guramasy ÝUNESKO-dan 2018-nji ýylyň aýagyna çenli çekiljekdigini mälim etdi. Başga-da birnäçe sebäpler bilen bir hatarda Waşington özüniň ÝUNESKO-dan çykmagyna guramanyň Ysraýyla garşy takyklanmadyk pikirlere esaslanýan ters garaýyşlary sebäp boldy diýip düşündirýär. Ýurduň guramadan çekilmegi Waşingtonyň BMG-niň düzümindäki edaralar bilen oňşuksyz gatnaşyklarynyň soňky ýeten ýene bir sepgidini görkezýär.

ÝUNESKO näme?

ÝUNESKO BMG-niň binýadyndaky ylym, bilim we medeniýet boýunça gurama bolup, ol 1945-nji ýylda II Jahan urşundan soňra ekstremizme garşy göreşmek we parahatçylygyň ýaýylmagyna hemaýat etmek üçin döredilipdi. Muňa garamazdan, ÝUNESKO, esasan, Bütindünýä miras sanawy we biosferadaky goraghanalary bilen giňden tanalýar. Birleşen Ştatlar ÝUNESKO-nyň döredilmegine işjeň gatnaşypdy. Amerikaly ýazyjy, ÝUNESKO-nyň ýolbaşçylar toparynyň ilkinji amerikan agzasy, Arçibald MakLeýş (Archibald MacLeish) guramanyň 1945-nji ýylda ýazylan Konstitusiýasyna Sözbaşy ýazypdy.

Waşington näme üçin guramadan çekilýär?

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Hezer Nauert (Heather Nauert) 12-nji oktýabrda guramadan çekilmek baradaky karary mälim edeninde, Birleşen Ştatlaryň ÝUNESKO-nyň öňünde artýan bergilerini, guramada reforma ýetmezçiligini we onuň Ysraýyla garşy yzygiderli takyklanmadyk pikirlere esaslanýan ters garaýyşlaryny sebäp edip görkezdi.

Waşingtonyň näçe bergisi bar? Birleşen Ştatlary gurama ýylda 80 million amerikan dollary töwereginde pul tölemeli. Bu bolsa ÝUNESKO-nyň jemi býujetiniň 5-den 1 böleginden köpräk mukdara deň. Ýöne ÝUNESKO 2011-nji ýylda Palestinany agza hökmünde kabul edeli bäri, Waşington agzalýan mukdary tölemäni gelýär. Şonda Obama administrasiýasy tölegleri bes etmäge mejbur bolýandyklaryny, sebäbi 90-njy ýyllarda ABŞ-da çykarlan bir kanunyň Palestinany döwlet hökmünde kabul edýän BMG-niň binýadyndaky islendik gurama Waşingtonyň maliýe goldawyny bermegini gadagan edýändigi aýdypdy. Häzirki wagtda Birleşen Ştatlaryň gurama tölemeli bergisiniň jemi 500 million amerikan dollara deň. Ýagdaý şeýle bolsa-da, köpsanly synçylar Waşingtonyň ÝUNESKO-dan çykmak boýunça gelen netijesine, esasan, ÝUNESKO-nyň Ysraýyla täsir ýetirýän kararlarynyň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Iýul aýynda ÝUNESKO Günbatar Ýakada ýerleşýän Hewron şäherçesini Bütindünýa mirasynyň sanawyna Ysraýyla däl-de Palestina degişli miras hökmünde girizdi. Ysraýyl bu kararyň patriarhlaryň guburlarynyň ýerleşýän we Töwratda agzalýan şäheriň iudaizm bilen ilteşigini iňkär etmeklik bolýandygyny aýtdy.

2016-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy boýunça komiteti Iýerusalimiň iň bir mukaddes ýerlerini “Musulmanlaryň ybadat edýän mukaddes ýeri” hökmünde hasaba alansoň Ysraýyl bu guramadaky ilçisini yzyna çagyrdy. Agzalýan ýere ýewreýler Dag Ybadathanasy (iudaizmiň belentliklerde ýerleşýän gadymy ybadathanalary) atlandyryp zyýarat edýän bolsalar musulmanlar Haremi Şerif diýip çokunýarlar.

ABŞ bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky dartgynly gatnaşyklar täzelikde başladymy?

Bir söz bilen aýdanyňda , ýok. Birleşen Ştatlar ÝUNESKO bilen ýygy-ýygydan, esasan Ysraýyl sebäpli oňuşmany gelýär.

1974-nji ýylda Kongres ABŞ-nyň ÝUNESKO berýän maliýe goldawyny togtatdy. Muňa bolsa guramanyň Ysraýyly diňe bir tankyt etmegi däl, eýsem onuň Palestina Azat Ediş Guramasyny ykrar etmegi sebäp bolupdy.

1984-nji ýylyň dekabrynda ‘guramada korrupsiýa bar’ hem-de ‘ol Sowuk urşunyň möwjän döwründe Sowet tarapgöýligini ýöredýär’ diýip, Reganyň administrasiýasy Waşingtony ÝUNESKO-dan çykardy.

2002-nji ýylda ABŞ guramanyň korrupsiýanyň hötdesinden gelendigini we onuň Günbatara we Ysraýyla garşy esassyz, duşmançylykly ters pikirlerden el çekendigini öňe sürüp, ÝUNESKO-nyň hataryna täzeden goşuldy.

Şonda prezident Jorj W. Buş: “Guramanyň adam hukuklaryny, dözümliligi we sowatlylygy ösdürmek boýunça missiýasyna Amerika doly gatnaşar” diýipdi.

Munuň bilenem ABŞ – ÝUNESKO arasyndaky gatnaşyklar täze, has dostlukly döwre kesgitli geçibermedi.

Ozalam bellenişi ýaly, haçan-da ÝUNESKO Palestinany agza hökmünde kabul edensoň Waşington 2011-nji ýylda gurama ýyllyk töleglerini bes etdi.

Şol kararyň netijesinde, Waşington guramanyň düzüminde ses bermek hukuklaryndan 2013-nji ýylda mahrum boldy. ABŞ ÝUNESKO-nyň esasy ýolbaşçy toparynda ses bermek mümkinçiligini ýitirenem bolsa ol agzalygyny we Baş müdiri saýlaýan ýerine ýetiriji topardaky ses bermek hukugyny saklap galdy.

Soňky täzelikler nämäni aňladýar?

Döwlet departamenti ABŞ-nyň “Bütindünýä mirasynyň goragyna, metbugat azatlygyna we ylmy hyzmatdaşlyklara” hemaýat etmek maksady bilen guramada “agza bolmadyk synçy ýurt” hökmünde galjakdygyny mälim etdi.

Synçylar täze Baş müdiri saýlamaga gatnaşmak üçin ABŞ-nyň ÝUNESKO-dan çykmak baradaky planlaryny 2018-nji ýylyň 31-nji dekabryna süýşüren bolmagynyň ahmaldygyny aýdýarlar. Bu wezipä Fransiýanyň ozalky medeniýet ministri Audreý Azoulay we katarly diplomat Hamad bin Abdulaziz Al-Kawari dagylar dalaş eder.

XS
SM
MD
LG