Sepleriň elýeterliligi

"Talybanyň" Kandagar hüjüminde 43 esger öldürildi


Helmand, "Talybana" garşy operasiýa mahalynda. Arhiw suraty

Owganystanyň Goranmak ministrligi gündogar welaýat Kandagarda “Talybanyň” goşun lagerine hüjüm etmegi netijesinde 43 esgeriň öldürilendigini, 9 esgeriň ýaralanandygyny aýdýar.

Ministrligiň sözçüsi Dawlat Wazeri Azatlyk radiosyna 19-njy oktýabr güni irden Maýwand etrabyndaky milli goşun bazasyna edlen hüjümden soň 6 esgeriň tapylmaýandygyny aýtdy.

Ýerli howpsuzlyk resmileri janyndan geçen bombaçynyň bazanyň ýanynda maşynyny partladandygyny, şondan soň bir topar ýaragly adamyň desga tarap hüjüme başlandygyny aýtdylar.

Anonim şertlerde gürleşen resmi jeňçileriň bazany ele geçirmek planlarynyň başa barmandygyny, sebäbi goşmaça güýçleriň gelip ýetişendigini aýtdy.

Käbir maglumatlara görä, ol ýerde janyndan geçenleriň iki partlatmasy bolupdyr.

“Talyban” hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG