Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Magtymgulynyň täze ýadygärliginiň gurluşygyny çaltlandyrmagy tabşyrdy


Magtymgulynyň Aşgabatdaky ýadyrgärligi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji oktýabrda Aşgabadyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde atly gezelenç etdi we Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan ýadygärliginiň gurluşygyny çaltlandyrmagy tabşyrdy diýip, TDH habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça, bu künjekde gurulmakçy bolunýan binalaryň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmen telewideniýesiniň tassyklamagyna görä, bu ýerde Aşgabadyň “işewürlik we medeni dynç alyş merkezinde kemala gelýän döwrebap desgalar şäheriň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy döredýär”.

Döwlet baştutany atly gezelenjiň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew bilen Fransiýanyň “Buik” gurluşyk kompaniýasynyň Aşgabatdaky wekiliniň bu ýerde gurulmakçy bolýan edara binalarynyň taslamalary baradaky hasabatyny hem diňledi we “desgalarda ähli zerur çäreleriň üpjün edilmelidigini” belledi.

Emma habarda bu ýerde bina ediljek desgalaryň bahasy ýa-da döwlet gaznasyna näçe pula düşjekdigi, olaryň nähili zerurlyklar esasynda guruljakdygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary Berdimuhamedowy ýurtda dörän ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän wagtynda ýekebara, hiç kime maslahatlaşmazdan milliardlap dollara durýan we türkmen ykdysadyýetine gurlanda we soň agyr ýük bolýan binalary gurdurmagy dowam etdirmekde tankytlaýarlar.

Türkmenistan soňky bir aýyň dowamynda Ahal ýaýlasynda gurlan 3 müň adamlyk konsert, dabara zalyny, Ak öý binasyny we Aşgabadyň alkymynda gurlan ilkinji golf meýdançasyny açdy. Ýöne bu binalaryň döwlet gaznasyna näçe serişdä düşendigi, olara edilen çykdajylaryň haçan we nähili ýagdaýda özüni ödejekdigi aýdylmaýar.

Bu desgalardan öň türkmen hökümeti Aşgabatda 2,3 milliard dollarlyk täze howa menzilini, 5 milliard dollarlyk Olimpiýa şäherçesini gurdurdy.

Aşgabadyň günorta künjeginde guruljak edara jaýlarynyň taslamalary bilen tanşan prezident ýene bir uly çykdajyly desganyň - Magtymguly Pyragynyň şäher daşynda gurulýan ýadygärliginiň gurluşygyny çaltlandyrmagy tabşyrydy.

Ýatladýarys, türkmen mediasy öň Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň Aşgabatda 1970-nji ýyllarda dikilen özboluşly ýadygärligini şäher daşyndaky beýik gaýalaryň biriniň üstüne geçirmegi tabşyrandygyny habar beripdi.

Ýerli edebiýatçylaryň tassyklamagyna görä, Magtymgulynyň Aşgabatdaky ýadygärliginiň ýerleşýän meýdançasy türkmen paýtagtynyň iň arzyly ýerleriniň biri bolup durýar. Bu ýerde halk içinde meşhur medeni çäreler, ýurt garaşsyzlygynyň goragyna guralan mitingler bolupdy.

Emma muňa garamazdan, bu özboluşly ýadygärligiň täze ýerde öz durkunda saklanyp galjagy ýa-da onuň Magtymgulynyň soňky ýyllarda däp bolan selleli ýadygärligi bilen çalşyryljagy aýdyň bolman galýar.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.Nyýazow Magtymguly Pyragyny elli ýaşdan soň terkidünýälige ýüz urmakda, pessimist bolmakda aýyplapdy. Şeýle-de ol döwürde Magtymgulynyň sözlerine aýdylýan" Başlady" diýen aýdym gara sanawa girizilipdi.

Mundanam başga, garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymgulynyň kitaplaryny çap etmegiň ozal S.Nyýazowyň, soň G.Berdimuhamedowyň kitaplarynyň çykarylyşy bilen deňeşdirilende, tasdan unudylandygyny aýdýarlar.

Emma ýurduň ilkinji prezidenti Magtymgulynyň ýadygärligine, Magtymguly günlerine kän "azar bermedi, Berdimuhamedow bolsa şolary hem goýanok" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýerli synçy aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, 9-10-njy oktýabrda geçen Ýaşulular maslahatynda 1970-nji ýyllardan bäri maý aýynda bellenilýän Magtymguly günleri hem ýatyrylyp, ol 27-nji iýuna, Berdimuhamedowyň doglan gününe gabat geçirilýän Medeniýet günlerine birikdirildi.

Ýerli synçylar, şol sanda aşgabatly şahyr Amanyrat Bugaýew bu kararlaryň halka, il-güne we döredijilik wekillerine sala salmazdan, diňe bir adamyň meýli esasynda kabul edilýändigini aýdýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG