Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedowyň ogluna prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky medal berlipdir


Türkmenistanyň prezidentiniň ogly Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanda döwlet garaşsyzlygynyň senesine gabatlanyp, sylaglanan ýurduň harby we kanun goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdara hem “Mälikguly Berdimuhamedow” adyndaky medalyň gowşurylandygy habar berilýär.

Türkmenistanyň döwlet, hökümet baştutany we belent serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdara prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän medalyň gowşurylandygyny “Türkmenistanyň hronikasy” atly neşir habar berdi. Maglumata görä, şeýle-de, Serdar Berdimuhamedowa polkownik harby derejesi berlipdir.

Türkmenistanyň prezidentiniň ýurduň garasyzlygynyň 26-njy ýyl dönümi mynasybetli harby we kanun goraýjy ýolbaşçylary “Mälikguly Berdimuhamedow” medaly bilen sylaglamak baradaky kararyna görä medal bilen sylaglananlaryň türkmen mediasynda çap bolan resmi sanawynda Serdar Berdimahamedowyň ady görkezilmändir.

Resmi medianyň çap eden sanawynda, prezidentiň sylagyna eýe bolanlaryň arasynda ýurduň goranmak ministri general-polkownik Ýaýlym Berdiýewiň, Baş sudyň başlygy Gylyçmyrat Hallyýewiň, baş prokuror Batyr Atdaýewyň, adalat ministri Begmyrat Muhamedowyň, milli howpsuzlyk ministri Döwran Baýramowyň, migrasiýa we ykdysady jenaýatçylyga garşy döwlet gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de ýaňy-ýakynda wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmändigi üçin berk käýinç alan içeri işler ministri Isgender Mulikowyň we döwlet serhet gullugynyň başlygy Begenç Gündogdyýewyň atlary görkezilýär.

Resmi maglumatda agzalan resmileriň “öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözendigi üçin” sylaga mynasyp bolandygy aýdyldy.

“Mälikguly Berdimuhamedow” adyndaky medal şu ýylyň awgust aýynyň aýagynda esaslandyrylypdy.

Türkmenistanyň prezidentiniň ogly Serdara mundan öň “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” diýen hormatly at dakylypdy. 28-nji awgustda Türkmenistanyň parlamenti prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogluna hormatly adyň dakylýandygy baradaky şahadatnamany we döşe dakylýan nyşan gowşurdy.

Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň aýagynda Türkmenistanyň syýasy durmuşyna gatnaşyp başlapdy. Ol 2016-njy ýylyň noýabrynda Ahal welaýatynyň 24-nji “Duşak” saýlaw okrugyndan deputat saýlanyp, şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanypdy. Tomus aýlarynda ýurduň daşary syýasatynda has aktiw rol oýnap başlady, hususan-da Orsýetiň ýokary derejeli resmileri bilen birnäçe gepleşikleri alyp bardy.

27-nji oktýabrda garaşsyzlygynyň 26-njy ýyl dönümini bellän Türkmenistan döwlet özbaşdaklygyny 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yzýany yglan etdi.

Türkmenistanyň 9-10-njy oktýabrda geçen Ýaşulular maslahatynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk senesini üýtgetmek we mundan beýläk 27-nji oktýabrdan 27-nji sentýabra geçirmek teklibi oňlandy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG