Işsizlikden we dürli pikirlilige edilýän berk gözegçilikden iren millionlarça özbegistanly soňky ýyllarda daşary ýurtlara göçýärler. Olaryň ýüzlerçesi Ýakyn Gündogarda “Yslam döwletine” goşulan bolsalar, galanlary baran ýurtlarynda dini esktremizme baş goşýarlar.
Sişenbe güni Nýu Ýorkda ýük ulagy bilen amala aşyrylan hüjümde sekiz adamy öldürmekde aýyplanýan Saýfulla Saipow ikinji ýoly saýlap alyp, ol Günbatarda ykbal bilen göreşýän wagtynda radikallaşypdyr.
Birleşen Ştatlaryň polisiýa gulluklarynyň aýtmagyna görä, hüjüm etmezinden ozal 29 ýaşly Saipow internet arkaly “Yslam döwletiniň” görkezmelerini yzarlapdyr.
Saipowyň hüjümi şu ýylyň dowamynda özbegistanly ýa-da millet özbek bolan jeňçileriň daşary ýurtlarda amala aşyran gyrgynçylyklarynyň dördünjisi bolup durýar. Onuň etmişi 32 million ilatly Özbegistanyň soňky aýlarda global jyhada ýetirýän aşa ýokary täsiriniň güýjüne ünsi çekdi.
Bu zatlara taýýarlyk wagt talap edýär. Biziň bu günki gün şaýat bolýan wakalarymyz “Yslam döwleti” ýa-da beýleki toparlaryň soňky birnäçe ýylyň dowamynda gören taýýarlyklarynyň netijesi, diýip Gazagystanda ýaşaýan Merkezi Aziýa boýunça analist Aleksandr Knýazow belledi.
Saipow barada mälim bolan maglumatlardan çen tutup, Özbegistany ýakyndan synlaýan ekspertler onuň ozalky sowet ýurduny has oňat durmuşyň gözleginde terk eden, şol sanda dürs dini sowatlylykdan jyda düşen hem-de Günbatarda ýaşamagyň tilsimlerindenem mahrum özbek erkekleriniň arasyndaky “unudulan nesil” diýilýän gatlaga degişli bolana çalym edýändigini aýdýarlar.
Munuň bilen bir hatarda, daşary ýurda ýa-da özge medeniýete uýgunlaşmakda çekilýän umumy kynçylyklar ony wagtyň geçmegi bilen ekstremist pikirlere düşgür edendir.
Ohaýonyň Stow şäherinde ýaşaýan özbegistanly jemgyýetçilik aktiwisti, ýük ulagy sürüjisi we Saipowyň tanşy Mirrahmat Muminow Reuters bilen telefon arkaly gürrüňdeşlikde “Ýagdaýlar ony dindarlyga iteripirdir” diýdi. Ol Saipowyň ozal Özbegistanyň paýtagty Daşkentde ýaşandygyny belledi.
Ol Birleşen Ştatlarda dini öwrenip başlady diýip, Muminow aýtdy. “Saipow Özbegistanda berk gözgeçilik şertlerinde ýaşansoň Birleşen Ştatlara gelip, bu ýerdäki din azatlyklaryny ‘göterip bilmedi’” diýip Muminow sözüniň üstüni ýetirdi.
Onuň Daşkentde bir gatly jaýda ýaşaýan ene-atasynyň goňşusy penşenbe güni geçirilen gürrüňdeşlikde Saipowyň kakasy Habibullanyň metjide berlen adam däldigini onuň ýerli bazarda gurluşyk boýaglaryny satýandygyny aýtdy.
Goňşy ýagdaýlar sebäpli özüniň atlandyrylmazlygyny sorady.
Ilatynyň agramly bölegi musulmanlardan düzülen Özbegistanda yslam dini giňden berjaý edilýär, ýöne hökümet radikallykdan ägä bolup, ybadatlary berk gözegçilikde saklaýar.
Geçen ýigrimi ýylyň dowamynda ozalky Kommunist partiýanyň başlygy Yslam Karimowyň demir ýumrugy bilen dolandyrylan Özbegistan uzak wagtdan bäri özüniň ýöredýän berk din syýasatyny milli howpsuzlyk aladalary bilen düşündirip gelýär.
Karimowdan soňra 2016-njy ýylyň aýagynda hökümet başyna geçen Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda häkimiýetler has dözümli syýasaty yşarat edip başlady we ýurtda ýokardan görkezme bilen dolandyrylýan ykdysadyýete reformalar girizilip başlanar diýlip umyt edilýär.
Mirziýoýew sentýabr aýynda Özbegistanyň potensiýal yslamçy ekstremist gözi bilen seredýän 17 müň adamlyk howpsuzlyk gara sanawyndan 16 müň adamyň adynyň aýrylandygyny mälim etdi we “olary jemgyýetimize gaýtaryp getirip, terbiýeläsimiz gelýär” diýdi.
Eýsem şeýle üýtgeşmeler radikallaşmagyň howpuny azaldarmy diýen soragyň jogaby entek mälim däl, şol bir wagtyň özünde bu özgerişler Saipow dagylar üçin giç geldi.
Köpsanly özbegistanly ýurtdan gaçdylar, ýöne barybam Günbatarda ýa-da Orsýetde işsiz galdylar ýa-da örän ujypsyz dollara işleýän gara işçä öwrülip çykgynsyzlyga düşdiler. Ynha hut şu sebäpden olaryň käbirleri radikal yslama ýüz urdular.
Durnuksyz region
Human Rights Watch guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça barlagçysy Stiw Swerdlow (Steve Swerdlow) Daşkentden beren gürrüňinde soňky ýyllarda 5 million özbegistanlynyň Orsýete göçüp barandygyny we Saipow ýalylaryň bolsa Günbatarda bagtyny synap görýändigini aýtdy.
Swerdlow “Radikallaşmak prosesi Özbegistanyň çäginiň daşynda amala aşýar” diýdi. Ol Özbegistanda adam hukuklarynyň gözgyny ýagdaýdadygyny we bu ýurtda dürli pikirlilige ýowuz daralýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
“Köplenç şol marginallaşdyrylýanlar, ýagny daşarda çetledilýänler öz ýurtlaryndan, öýlerinden uzakda jemgyýetçilik gatnaşyklaryndan üzňe aýraçylygy başdan geçirýän adamlar bolup durýar” diýip, Swerdlow belledi.
1991-nji ýyla çenli Sowet soýuzynyň düzüminde bolan Özbegistanda, ýurduň içinde howpsuzlyk örän berk. Özbegistan ABŞ-yň we Ysraýylyň ilçihanalaryna bir janyndan geçeniň 2004-nji ýylda eden hüjümden bäri yslamçy hüjümlerden ejir çekmedi.
Muňa garamazdan Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan bilen araçäkleşýän mes toprakly Fergana jülgesinde wagtal-wagtal gandöküşikli etniki çaknyşyklar ýüze çykýar. 2010-njy ýylda jülgäniň gyrgyz tarapynda ýüze çykan etniki çaknyşyklarda onlarça adam ölüpdi.
Çarşenbe güni Gyrgyzystanyň howpsuzlyk gullugyndan bir çeşme Saipow bilen ady, familiýasy, doglan senesi birmeňzeş bolan bir adamyň 2004-nji ýylda jülgäniň gyrgyz tarapynda ýaşandygyny habar berdi, ýöne penşenbe güni şol bir çeşme ol adamyň Saipow bilen şahsy maglumatlary deň gelýän başga bir adamdygyny häkimiýetleriň anyklandygyny mälim etdi.
Özbegistanyň Birleşen Ştatlardaky ilçihanasynyň ýaýradan beýanatynda Saipowyň wiza loterýasyny utup, 2010-njy ýylda Amerika göçüp barandygy aýdyldy. Mirziýoýew öz hökümetiniň “ganly hüjümi” derňemekde elinden gelýän kömegi gaýgyrmajakdygyny aýtdy.
Şu ýylyň dowamynda özbekler bilen ilteşikli dördünji hüjüm
Şu hepde bolan hüjümden ozal, eli ýaragly bir özbegistanly Täze Ýyl gijesi Stanbuldaky bir gijeki kluba kürsäp girip, 39 adamyň janyna kast etdi.
Aprel aýynda Gyrgyzystanda doglan milleti özbek bir adam Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde metrony partladyp 14 adamy öldürdi. Şol aýyň dowamynda özbegistanly bir adam Stokgolmda köpçüligiň üstüne ýük ulagy sürüp, dört adamy öldürdi.
Siriýa we Yradaky Yslam döwleti toparynyň hatarynda özbek erkek adamlarynyň sany hem artypdyr.
Geçen aý “Soufan” merkeziniň ýaýradan hasabatynda 1 müň 500-den gowrak özbegistanlynyň Ýakyn Gündogarda ekstremist toparyň hataryna goşulandygy habar berilýär. Bu san Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky iň ýokary görkeziji bolup, agzalýan regiondaky ýurtlaryň ählisinden YD-iň hatarynda rekrutlaryň bardygy aýdylýar.
Özbegistanly söweşijileriň sany orsýetli we saud arabystanly jeňçiler bilen deňeşdireniňde köp däl diýip, şol bir raportda aýdylýar, emma muňa garamzdan özbekleriň sanynyň statistiki ähmiýeti bar.
Obama administrasiýasyndaky Milli howpsuzlyk mejlisiniň agzasy, düýbi Waşingtonda ýerleşýän Halkara parahatçylygy boýunça Karnegi merkeziniň baýry işgäri Paul Stronski Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdunyň migrantlarynyň arasyndaky radikalçylygyň mundan beýläk hem ösmeginiň mümkindigini, sebäbi köp adamyň işiň gözleginde ýurdy terk edýändigini aýdýar.
“Biz giňişligiň çäkliligi sebäpli meseleleriň ýerasty zemine süýşendigi sebäpli Özbegistandaky ekstremist problemalary görmedik” diýip, Stronskiý aýtdy.
“Bu problema bilen regionda oňuşsa bolýar, ýöne regionyň daşynda bu mesele has-da kynlaşýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.