Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň BMG-däki ilçisi öz çykyşyny halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlady, adam hukuklaryny agzamady


Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, 2-nji oktýabr, 2015.
Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, 2-nji oktýabr, 2015.

Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa Baş Assambleýanyň 72-nji maslahatynda eden çykyşyny Aral deňzini halas etmek boýunça halkara fondunyň düýbüni tutan döwletleriň sammitini Aşgabatda geçirmek inisiatiwasyny öňe sürmek, halkara jemgyýetçiligini tebigaty goramak, şol sanda suw resurslaryny dolandyrmak boýunça problemalary has aktiw çözmäge çagyrmak, ýurduň energiýa howpsuzlygy we durnukly energetika boýunça halkara ekspertler toparynyň döredilmegini goldaýandygyny, transport ugrundan halkara hyzmatdaşlygyna ýykgyn edýändigini, sporta uly ähmiýet berýändigini mälim etmek ýaly meselelere bagyşlady.

Ataýewa BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu Ýorkda geçýän ýyllyk maslahatynda 25-nji sentýabrda eden bu çykyşynda terrorizm meselesine-de üns berdi.

“Hakykatdan terrorizm ýagdaý hökmünde, global howpsuzlygynyň tutuş sistemasyna, onuň syýasy we ahlak esaslaryna howp salýar. Biz terrorizmiň ähli formalaryny we görnüşlerini aýgytly ýazgarýarys we terrorizmiň öňüni almagyň milli, regional we global howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň iň möhüm bölekleriniň biri bolup durýandygyny boýun alýarys” diýip, Ataýewa öz çykyşynda aýtdy. Ataýewa BMG-niň terrorizme garşy edarasynyň döredilmegini Türkmenistanyň goldaýandygyny mälim etdi.

Şeýle-de, Ataýewa döwletleri noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Halkara energiýa hartiýasynyň energiýa howpsuzlygy boýunça konferensiýasyna çagyrdy. Ataýewa Türkmenistanyň şu ýyl Energiýa hartiýasynyň konferensiýasynyň baştutany hökmünde, durnukly energiýa ugrunda täze halkara guralyny döretmek prosesini aktiwleşdirmegi gazanmaga meýillidigini habar berdi.

Ataýewanyň çykyşynda Türkmenistanyň paýtagtynda ýerleşýän BMG-iň Merkezi Aziýada prewentiw diplomatiýa boýunça regeonal merkeziniň açylmagyna şu ýyl 10 ýyl dolýandygyny bellenip, türkmen delegasiýasynyň “prewentiw diplomatiýanyň mehanizmlerini goldamak boýunça rezolýusiýanyň taslamasyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna tabşyrmak” niýetiniň bardygy habar berildi.

Emma Birleşen Milletler Guramasynda 12 ýyl bäri Türkmenistana hemişelik wekilçilik edýän Aksoltan Ataýewanyň çykyşynda adam hukuklary problemasy agzalmady.

Halkara guramalaryň hasabatlarynda Türkmenistan ýyllarboýy dünýä derejesinde adam hukuklaryny iň gödek depeleýän, halkara we milli kanunlarda kepil geçilen raýat azatlyklaryny iň berk çäklendirýän ýurtlaryň hatarynda agzalýar.

Aşgabadyň garaşsyz žurnalistleri, şol sanda Azatlyk radiosynyň, “Türkmenistanyň Hronikasy”, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” ýaly neşirleriň habarçylaryny ýanamagy BMG, ÝHHG we ençeme Günbatar döwletleri tarapyndan tankyt edildi.

Soňky ýyllaryň dowamynda, Türkmenistanda Azatlyk radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa birnäçe gezek hüjüme sezewar edildi, Saparmämmet Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň iýulyndan bäri galp aýyplamalar esasynda türmede saklanýar, Hudaýberdi Allaşow ejesi bilen bilelikde iki aýdan gowrak wagtyň dowamynda tussaglykda saklandy.

Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň BMG-niň agzasy we adam hukuklary boýunça halkara dokumentlerine gol çeken döwlet hökmünde, žurnalistleriň yzarlanmagy, şeýle-de türkmen türmelerinde ýitirim edilen onlarça adamyň ykbaly barada hasabat bermegini sorap edýän çagyryşlaryna jogap bermän gelýändigini, hatda BMG-niň rezolýusiýalaryny ýerine ýetirmeýändigini aýdýarlar.

2014-nji ýylda BMG-niň adam hukuklary boýunça komiteti Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradowy zor bilen ýitirm edilmeleriň pidasy diýip ykrar etdi we türkmen hökümeti onuň ykbaly we ýerleşýän ýeri barada maglumatyň üstüni açmaga borçly diýip karar etdi. Türkmenistan bu karara boýun bolmady.

Aksoltan Ataýewa Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasyna 2005-nji ýyldan bäri baştutanlyk edýär. Şeýle-de, ol 2008-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Kubadaky, 2011-nji ýyldan bäri Braziliýadaky we 2013-nji ýyldan bäri Wenesueladaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipelerini ýerine ýetirýär.

Aksoltan Ataýewa BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýyllyk maslahatlarynda ikinji gezek çykyş edýär. Ataýewa 2015-nji ýylyň 2-nji oktýabrda eden ozalky çykyşynda, Merkezi Aziýada klimat özgermesi boýunça ýöriteleşdirilen merkeziň döredilmegi baradaky teklibi öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG