Liwanyň premýer-ministri Saad Hariri 4-nji noýabrda wezipesinden çekilýändigini yglan edip, Eýrany we onuň ýarany Hizballahy öz ýurduny durnuksyzlaşdyrmakda we arap dünýäsinde bulagaýlygy ýaýratmakda aýyplady.
Hariri özüniň wezipeden çekilýändigini Saud Arabystanyna eden saparynyň dowamynda telewideniýede görkezilen çykyşynda mälim edip, özüniň janyna kast edilmeginden howatyrlanýandygyny aýtdy.
2005-nji ýylda Haririniň kakasy Rafik Haririniň janyna kast edilipdi.
Syýasatçylar we synçylar Haririniň wezipeden çekilmeginiň we Eýrana dil üsti bilen hüjüm etmeginiň, Liwanyň sünnileriň ýolbaşçylygyndaky Saud Arabystany bilen şaýylaryň liderligindäki Eýranyň arasynda regional bäsdeşlige öwrülmeginiň mümkindigini aýdýarlar.
47 ýaşyndaky sünni musulmany Hariri çykyşynda Eýranyň Liwanda öz täsirini ýaýratmak üçin şaýy Hizballah toparyny ulanýandygyny öňe sürdi.