Sepleriň elýeterliligi

Tramp Aziýa edýän saparynyň dowamynda Putin bilen duşuşmaga garaşýandygyny aýtdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp we onuň aýaly Melania. 5-nji noýabr, 2017 ý. Tokýo

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp uçaryň bortunda özüniň Aziýa edýän 12 günlük saparynyň dowamynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmaga garaşýandygyny aýdansoň, Ýaponiýa bardy.

Trampyň uçary 5-nji noýabrda Birleşen Ştatlaryň Tokýodaky howa bazasyna gondy. Ol Gawaide Birleşen Ştatlaryň harbylary bilen duşuşyp, 1941-nji ýylyň 7-nji dekabrynda ýaponlaryň Perl Harbora hüjüm eden ýerine baryp görenden soň, Ýaponiýa gidipdi.

Gawaiden Tokýo eden sekiz sagatlyk uçuşynyň dowamynda Tramp Aziýa edýän saparynyň dowamynda Putin bilen hem duşuşmaga garaşýandygyny aýtdy. Ol bu saparynyň çäginde Günorta Koreýa, Hytaýa, Wetnama we Filippinlere hem barar.

“Meniň pikirimçe, biziň Putin bilen duşuşmagymyza garaşylýar. Biz Demirgazyk Koreýa meselesinde Putiniň bize kömek etmegini isleýäris we biz dürli liderleriň ençemesi bilen duşuşarys” diýip, Tramp aýtdy.

Şeýle-de, ol Demirgazyk Koreýa “biziň ýurdumyz hem-de tutuş dünýä üçin uly problema boldy we biz bu meseläniň çözülmegini isleýäris” diýdi.

Bu duşuşygyň geçirilmegi mümkin ýerleriniň biri 10-11-nji noýabrda Wetnamyň Danang şäherinde geçiriljek Aziýa-Ýuwaş okean Ykdysady Hyzmatdaşlyk (APEC) guramasynyň maslahaty bolup biler.

Trampyň dürli ýurtlaryň liderleri bilen geçirjek duşuşyklarynda gepleşikleriň esasy temasy Demirgazyk Koreýanyň ýadro krizisi boljaga meňzeýär.

ABŞ-nyň prezidenti gepleşiklere başlamazdan öň, “Kasumigaseki” golf klubynda Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe we golf boýunça ussat Hideki Matsuýama bilen golf oýnady.

Mundan öň, has takygy şu ýylyň fewral aýynda Abe we Tramp amerikan prezidentiniň Floridadaky “Mar-a-Lago” kurortynda golf oýnapdylar.

Tramp we onuň aýaly Melania Tokýonyň günbataryndaky “Ýokota” howa bazasyna baranda, ABŞ-nyň bu ýerdäki 50 müň çemesi harbysy bilen duşuşdylar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG