Sepleriň elýeterliligi

Syzan dokumentlerde ABŞ-nyň söwda ministriniň Orsýete ilteşikli firma bilen gatnaşygy göze ilýär


Birleşen Ştatlaryň Söwda departamentiniň sekretary Wilbur Ross

Peýda bolan bimöçber maliýe dokumentleri Birleşen Ştatlaryň Söwda departamentiniň sekretary Wilbur Rossuň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň adamlarynyň gözegçiligindäki bir kompaniýa bilen gatnaşyk saklan bir firmadaky maýa goýumlaryny äşgär edýär.

Şeýle-de, “Deňewçi žurnalistleriň halkara konsorsiumy”, ýagny “ICIJ” tarapyndan 5-nji noýabrda “Behiştiň kagyzlary” atlandyrylyp çap edilen dokumentlerde Orsýetde döwletiň gözegçiligindäki “Gazprom” bilen “VTB” bankyň hem Birleşen Ştatlardaky tehnologiýa firmalaryna köp mukdarda pul geçirendigi jemgyýetçilige aýan edilýär.

Başga zatlar bilen bir hatarda, syzan kagyzlar Britaniýanyň şa zenany Ýelizaweta II-niň hem ofşor, ýagny salgytdan azat maýa goýumlaryny paş edýär.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Deňewçi žurnalistleriň halkara konsorsiumy” 2016-njy ýylda “Panama kagyzlary” atlandyrlan dokumentleri hem çap edip, Panamada ýerleşýän bir hukuk firmasynyň resmi kagyzlarynda köp sanly dünýä liderleriniň hem-de gurply adamlaryň ofşor hasaplary baradaky maglumatlar paş edilipdi.

“Behiştiň kagyzlaryndaky” materiallar iki sany ofşor üpjünçisinden we 19 sany salgyt bukalgasy hasaba goýlan bir kompaniýadan alnypdyr. Maglumatlary Germaniýada çap edilýän “Sueddeutsche Zeitung” gazeti ele geçirip, olary “Deňewçi žurnalistleriň halkara konsorsiumy” öz hyzmatdaşlary, şol sanda The Guardian, the BBC, The New York Times we beýleki käbir habar agentlikleri bilen paýlaşyp seljeripdir.

Ross we şa zenany Ýelizaweta 13.4 million faýlyň içinden seljerilen ilkinji maglumatlar toplumynda öňe saýlanýan meşhur adamlardyr. Eýsem bularyň bikanun hereketlere baş goşup goşmandygyny görkezýän alamatlar bolmasa-da, Rossyň rus bähbitleri bilen ilteşigi Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň häzirki wagtda ýüzbe-ýüz bolýan aýyplamalarynyň içgin öwrenilmeginiň badynyň güýçlendirilmegine we bähbit çaknyşygy baradaky jikme-jik soraglaryň berilmegine ýol açyp biler.

Birleşen Ştatlarda 2016-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Moskwanyň gatyşygyny we Trampyň ýaranlarynyň Orsýet bilen dildüwşükli gizlin hyzmatdaşlygyny öwrenýän derňewleriň fonunda Trampyň adamlary bilen Orsýetiň arasyndaky potensial gatnaşyklar jikme-jik seljerilýär. ABŞ-yň prezidenti dildüwşikli hyzmatdaşlygyň bolandygyny ret edip, alnyp barylýan derňewleri “jadygöý awçylygy” atlandyryp gelýär.

“Behiştiň kagyzlarynda” milliarder Rossuň wezipe başyna geçensoň Putiniň adamlary bilen ilteşikli bir transport kompaniýasy bilen gatnaşyklary ýola goýandygy görkezilýär.

79 ýaşly Rossuň Orsýetiň “Sibur” atly energiýa firmasynyň gazyny daşaýan “Navigator Holdings” transport kompaniýasynda köp mukdarda goýumy bar.

The New York Times-yň habaryna görä, “Sibur” firmasyna Putiniň dosty we ady Orsýetiň Ukrainadaky gazaby sebäpli ABŞ-yň sanksiýa girizen adamlarynyň sanawynda agzalýan Gennadi Timçenko, şeýle-de Putiniň giýewisi Kiril Şamalow şäriklik edýär.

Rossuň hususy firmasy bolsa “Navigator-yň” iň uly paýdarydyr.

Haçan-da fewral aýynda wezipä geçende Rossuň agzalýan firmadaky şahsy paýy azaldyldy. Muňa garamazdan, onuň ABŞ-yň hökümetine beren maglumatlarynda Rossuň agzalýan firmada 2 million dollar bilen 10 million dollar aralygynda paýynyň bardygy görkezilýär.

Rossuň Navigator-daky paýy Kaýman adalarynda ýerleşýän çylşyrymly kompaniýalar toplumunda saklanýar diýip, The New York Times habar berýär.

Söwda departamentiniň metbugat wekili Jeýms Rokas (James Rockas) Navigator-yň jemgyýetçilige açyk söwda kompaniýasy Sibur bilen hyzmatdaşlyk etmek kararyna Rossuň goşulmandygyny, Siburyň ne şol wagty ne-de häzir sanksiýa sanawyna girizilendigini aýtdy.

“Munuň üstesine-de, Ross kagyzlarda aýdylýan Sibur-yň paýdarlary bilen şu wagta çenli asla duşuşmady we olaryň gatnaşyklary barada hiç zat bilmeýärdi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Orsýet bilen bagly beýleki bir paş edişlikde, Silikon jülgesindäki tehnologiýa kompaniýalarynyň belli maýadarlaryndan rus raýaty Ýuri Milneriň Orsýetiň döwlet gözegçiligindäki VTB Bankyndan 191 million amerikan dollaryny alyp, ony Twitter-e geçirendigini ICIJ habar berýär. Orsýetiň syýasy taýdan strategik geleşiklerde ulanýan VTB bankynyň geçirimlerdäki gatyşygy salgytdan azat araçy ofşor kompaniýalarynyň labirintleri arkaly garjaşdyrylypdyr.

Şeýle-de, dokumentler Orsýetiň döwlete degişli tebigy gaz kompaniýasy Gazpromyň maliýe şahamçalarynyň biri Milner bilen ilteşikli kompaniýada maýa goýan bir araçy korporasiýa pul goýberip, feýsbugyň 2012-nji ýylda geçiren jemgyýetçilik teklibiniň öňýany bu sosial ulgamyň aksiýalarynda takmynan 1 milliard amerikan dollaryny saklapdyr.

Millner ICIJ bilen gürrüňdeşlikde öz geleşiklerinde Gazpromyň “Gazprom Investholding” atly şahamçasynyň gatyşandygyndan bihabardygyny aýtdy.

ABŞ-yň aňtaw resmileriniň Wladimir Putin Birleşen Ştatlaryň saýlaw sistemasyny ynamdan gaçyryp, Trampa kömek etmek bilen bir hatarda demokrat dalaşgär Hillari Klintona zyýan ýetirmek üçin kampaniýa ýöretmegi buýruk berdi diýmekleri bilen bagly ABŞ-da alnyp barylýan derňewlerde feýsbuk, twitter we beýleki sosial ulgamlarda Orsýetiň goldamagynda peýda bolan agyz alardyjy syýasy mahabatlar we toslama habarlar aýratyn üns merkezinde.

Milneriň ýa-da onuň kompaniýalarynyň Orsýetiň saýlawlara gatyşygy diýilýän mesele bilen baglydygyny görkezýän alamat ýok, üstesine-de Milner özüniň maýa goýumlarynyň syýasata dahylynyň ýokdugyny aýdýar.

“Behiştiň kagyzlarynda” aýdylmagyna görä Milner Trampyň giýewisi Jared Kuşneriň esaslandyran “Cadre” atly gozgalmaýan emläk fonduna golaýda 850 müň amerikan dollar möçberinde pul geçiripdir diýip, ICIJ habar berýär.

Şeýle-de, BBC-niň habarynda Kreml bilen gatnaşykly tütjar Alişer Usmanowyň pul ýuwmak çärelerine garşy jogapkärçilikleri öz üstüne alan bir kompaniýada gizlin paýynyň bolan bolmagynyň ahmaldygy syzan dokumentlere salgylanylyp, habar berilýär.

Usmanowyň “Bridgewaters” kompaniýasynyň müşderisidigini, eger-de ol şol bir wagtyň özünde bu kompaniýanyň eýeçiliginde gatanjy bar bolsa onda bu ýagdaýyň “bähbitleriň çaknyşygyna” gabat gelmeýändigini BBC habar berdi. Habarda “Bridgewaters” bilen Usmanowyň agzalýan kompaniýanyň Orsýetiň eýeçiligindedigini ýa-da oňa gözegçilik edýändigini ret edendikleri aýdylýar.

Bu aralykda, dokumentlerde Lankasteriň gersoglugyndaky Bermuda we Kaýman adalaryndaky fondlara şa zenany Ýelizawetanyň millionlarça dollar şahsy maýa goýumlaryny geçirendigi görkezilýär. Agzalýan fondlar şa zenanynyň 650 million dollarlyk şahsy emläginiň girdeji we beýleki goýum geleşiklerine gözegçiligi üpjün edýär.

Synçylar onuň bikanun hereketlerine ýa-da salgytdan gaçandygyna yşarat edýän alamatlaryň göze ilmeýändigine ünsi çekseler-de, şa zenany Britaniýanyň içinde däl-de ofşor, ýagny salgytdan azat kompaniýalarda pul saklamakda tankyt edilmegi mümkin.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG