Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet prezidentiniň kömekçisi Trampyň we Putinyň duşuşmagynyň ähtimaldygyny aýtdy


Orsýetiň prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow
Orsýetiň prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň 10-njy noýabrda maslahat geçirmegi ähtimal diýip, orsýet prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow aýtdy.

Uşakowyň 9-njy noýabrda aýtmagyna görä, maslahatyň 10-11-nji noýabrda Aziýa-Ýuwaş okean ykdysady sammitiniň çäginde Wýetnamda geçirilmegi barada “edil şu pursatda ylalaşylypdyr”.

“Onuň 10-njy noýabrda geçirilmegi has ähtimal” diýip Uşakow belledi.

ABŞ-nyň we Orsýetiň aragatnaşyklary Moskwanyň Ukrainadaky agressiýasy we onuň Birleşen Ştatlarda 2016-njy ýylyň prezidentlik saýlawlaryna goşulyşmagynyň güman edilmegi bilen baglylykda erbetleşýär.

Trampyň ABŞ-nyň prezidenti wezipesine geçeli bäri iki ýurduň prezidentleriniň ýeke-täk duşuşygy iýul aýynda Uly-20 guramasynyň Germaniýada geçirilen sammitiniň çäginde boldy.

XS
SM
MD
LG