Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Zähmet we sosial goragy ministriniň orunbasary işden boşadyldy


Edara jaýy, Aşgabat
Edara jaýy, Aşgabat

Türkmenistanyň prezidenti Zähmet we ilatyň sosial goragy boýunça ministrligiň ýolbaşçysynyň orunbasaryny işden boşatdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna görä, Ahmet Annamuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikler we ýolbaşçynyň wezipe derejesine gabat gelmeýän etmişler sebäpli wezipesinden çetleşdirilipdir diýlip, Türkmenistanyň döwlet mediasynyň 10-njy noýabrda ýaýradan maglumatynda aýdylýar.

Şeýle-de, ýurduň Pension fondunyň dolandyryjylarynyň başlygynyň orunbasary bolan Annamuhamedowyň etmişleriň jikme-jikleri resmi maglumatda mälim edilmedi.

XS
SM
MD
LG