Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanabadyň iň uly bazarlarynyň biri alty aý bäri ýapyk bolmagynda galýar


Türkmenistanda ýapylan bazarlaryň biriniň golaýyndan geçip barýan ýaşaýjy
Türkmenistanda ýapylan bazarlaryň biriniň golaýyndan geçip barýan ýaşaýjy

Türkmenistanyň Balkanabat şäherindäki iň uly bazarlaryň biriniň eýesi tussag edilensoň, bu bazar indi alty aý çemesi wagt bäri ýapyk bolmagynda galýar.

Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, Balkanabadyň merkezindäki “Uzboý” köçesiniň demirgazygynda ýerleşýän we ilatyň arasynda “12 etaž” diýlip atlandyrylýan hususy eýeçilikdäki bazar şu ýylyň iýun aýynda duýdansyz ýapyldy.

Balkanabat şäher häkimliginiň Söwda bölüminiň we Balkanabat şäher prokuraturasynyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran käbir jogapkär resmileri bazaryň eýesiniň neşe söwdasyny etmekde we salgyt galplygynda aýyplanyp, 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini, Azatlygyň ýerli çeşmelerine gürrüň berdiler.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosyna bu aýyplamalaryň nä derejede hakykata gabat gelýändigini we bazar eýesiniň nähili görnüşde sud edilendigini, şeýle-de onuň häzirki wagt haýsy türmede saklanýandygyny başga çeşmeler arkaly anyklamak başartmady.

Aýdylmagyna görä, bu bazarda azyk we senagat harytlaryny satýan tekjeleriň ortaça 200 sanysy hem-de geýim-gejimleri satýan dükanlaryň 50 çemesi bolup, bazar onlarça müň ilata hyzmat edýärdi.

Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, bazaryň ýapylansoň, bu ýerde söwda-satyk bilen meşgullanan adamlaryň, bazar administrasiýasynyň we bazaryň arassaçylygyna gözegçilik edýän işgärleriň ýüzlerçesi gazanç çeşmesinden mahrum boldy.

“Bazaryň gaýtadan açyljakdygy ýa-da açylmajakdygy barada anyk maglumat berilmeýär. Başga bazarlarda hem ýer, dükan ýok. Bu bazardaky ýerimizi hem ýitiresimiz gelenok. Ýöne indi alty aý bäri ne iş bar, ne-de girdeji. Näme etjegimizi bilemizok. Men ýaly başga-da ýüzlerçe adamyň gazanç çeşmesi kesildi” diýip, “12 etaž” bazarynda azyk harytlarynyň söwdasyny eden we adynyň efirde agzalmazlygyny soran balkanabatly söwdagär Azatlygyň ýerli çeşmesine gürrüň berdi.

Ol bazaryň gaýtadan açylmagyny haýyş edip, bazar administrasiýasynyň we söwdagärleriň onlarçasynyň Balkanabat şäher häkimligine ýüzlenendigini, emma häzirlikçe özleriniň bu ýüzlenmelerine oňaýly jogap alyp bilmän gelýändiklerini sözüniň üstüne goşdy.

Galyberse-de, bazaryň ýapylmagynyň bu ýerde işleýänler we söwdagärler bilen bir hatarda, Balkanabadyň merkezi etrapçasynyň ýaşaýjylaryna hem öz täsirini ýetirendigi, häzirki wagt ýaşaýjylaryň azyk we senagat harytlaryny satyn almak üçin 10-12 kilometr ýol söküp, şäheriň “5-nji bazaryna” ýa-da “Gök bazaryna” gitmeli bolýandygy aýdylýar.

“Bazar ýapylandan soň, ýaşaýjylar ýa golaý-goltumdaky hususy dükanlardan harytlary adaty bahasyndan 15-20% gymmada satyn almaly bolýarlar, ýöne bu dükanlarda-da harytlaryň dürlüligi örän çäkli, ýa-da adamlar goşmaça çykdajy edip, şäheriň beýleki çetindäki bazarlara gitmeli bolýarlar. Bu bazarlara göni gidýän awtobus gatnawy ýok, aslynda awtobus gatnawy tas ýok diýen ýaly. Onsoň adamlar ýörite awtoulag, taksi tutup, bu bazarlara gitmeli bolýar” diýip, balkanabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli welaýatdyr şäherlerinde uly bazarlaryň doly ýumrulmagy ýa-da “abatlaýyş” işleri sebäpli uzak möhletleýin ýapylmagy bilen baglanyşykly wakalar ýygy-ýygydan gaýtalanýar.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda, Aşgabadyň ilat arasynda “Hitrowka” diýlip atlandyrylýan sebitinde, has takygy Hoja Ahmet Ýasawy köçesi bilen Andalyp (ozalky “Mir”) köçesiniň demirgazyk böleginde ýerleşen “Arzuw bazary” ýumrulyp, ýer-ýegsan edilipdi.

Şol ýylyň martynda bolsa, Marynyň meşhur “Gök bazary” ýapylyp, onuň daşyna haýat aýlanyp, söwda dükanlary ýumrulypdy. Şonda söwdagärlere dükanlaryndan harytlary çykarmak üçin, bäş gün möhlet berlip, bazaryň ýapylmagynyň sebäpleri aýdyňlaşdyrylmandy.

2014-nji ýylyň oktýabrynda bolsa, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň günorta-gündogarynda ýerleşýän “Dünýä bazary” ýapylyp, bu ýerdäki söwda nokatlary doly ýumrulypdy. Şonda bu bazaryň ýumrulmagyna, şäheriň merkezinden 20 kilometre golaý uzaklykda, gum içinde täze bazaryň gurulmagy sebäp bolupdy.

XS
SM
MD
LG