Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öz ilatynyň sanyny yglan etmeýän Türkmenistan dünýäniň ilat sany boýunça maslahat geçirdi


Türkmenistanda ilat ýazuwynyň geçirilmeginiň netijesinde yglan edilen iň soňky resmi sanlar 1995-nji ýyla degişli
Türkmenistanda ilat ýazuwynyň geçirilmeginiň netijesinde yglan edilen iň soňky resmi sanlar 1995-nji ýyla degişli

Türkmenistanyň paýtagtynda BMG-niň “2017-nji ýylda dünýäniň ilat sany” atly hasabatyny köpçülige hödürlemek boýunça dabara geçirildi.

BMG-niň Ilatyň düzümi boýunça fondunyň guramaçylygynda geçirilen bu duşuşyga Türkmenistanyň parlamenti Mejlisiň, Demokratiýa we adam hukuklary boýunça milli institutynyň, Bilim boýunça milli institutynyň, Saglygy saklaýyş we derman senagaty boýunça ministrliginiň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ençeme ministrligiň hem döwlet edaralarynyň bilermenleri, ýokary okuw jaýynyň mugallymlary we studentleri gatnaşdy diýip, türkmen döwlet mediasy 16-njy noýabrda habar berdi.

Resmi maglumatda bellenişine görä, duşuşykda “hiç kim unudylmaly” däl diýen ýörelgäniň esasynda aýallaryň çaga dogurmak saglygyna we hukuklaryna aýratyn üns berlipdir.

Dünýäniň ilat sanyna bagyşlanan bu resmi duşuşygy geçiren Türkmenistan öz ilat sanyny mälim etmän gelýär. Ýurtda BMG-niň howandarlygynda 2012-nji ýylyň 15-26-njy dekabry aralygynda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri şu çaka çenli yglan edilmedi.

Muňa garamazdan, Türkmenistan täze ilat ýazuwyny geçirmegi planlaşdyrýar. Oktýabryň ortasynda türkmen häkimiýetleri 2022-nji ýylda ýurtda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň nobatdaky uçdantutma ýazuwynyň geçirilmeginiň planlaşdyrylýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň ilat sanyna degişli elýeterli iň soňky resmi maglumatlar 2006-njy ýyla degişli. Statistika baradaky döwlet komitetiniň 2006-njy ýylda çap eden 2000-2005-nji ýyllar aralygy boýunça statistik ýyllyk hasabatynda ýurduň ilatynyň sanynyň 2000-nji ýylda 5 million 369,4 müň adam, 2005-nji ýylda ilatynyň sany tas 1,5 milliona golaý köpelip, 6 million 746,5 müň adama ýetendigi aýdylypdy.

Türkmenistanda ilat ýazuwynyň geçirilmeginiň netijesinde yglan edilen iň soňky resmi sanlar 1995-nji ýyla degişli bolup, şonda ýurduň çäginde 4 million 481 müň adamyň ýaşaýandygy habar berilipdi.

XS
SM
MD
LG